Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistandaky britan ilçisi ýurtda sosial medianyň doly açykdygyny aýtdy, ýöne bu beýle däl


Britaniýanyň Aşgabatdaky ilçisi Hugh Philpott
Britaniýanyň Aşgabatdaky ilçisi Hugh Philpott

Britaniýanyň Aşgabatdaky ilçisi Hugh Philpott özüniň Twitter sosial ulgamyndaky sahypasynda Türkmenistanyň häkimiýetlerini “media azatlygyna goldaw bermekde” öwdi.

Britan ilçisiniň şeýle tweet paýlaşmagyna, onuň 24-nji fewralda Türkmenistanda sosial medianyň bökdençsiz, doly işleýändigi we açykdygy barada gelen netijesi sebäp bolupdyr. Ýöne Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary ilçi Philpottyň netijeleriniň hakykata gabat gelmeýändigini aýdýarlar.

Häzirki wagt Italiýada bolan britan ilçisi 24-nji fewralda özüniň Twitter sosial ulgamyndaky sahypasynda ýazan beýanatynda şeýle diýýär:

“Şu gün Türkmenistanda #sosialmedia doly işleýän we açyk ýaly bolup görünýär. Media azatlygyny goldamak üçin şeýle örän pozitiw hereket”.

Ýöne Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurtda sosial media saýtlarynyň tas ählisine VPN saýtlarynyň kömegi bolmazdan girip bolmaýandygyny aýdýarlar.

Şeýle-de, britan ilçisiniň ýazan tweetini garaşsyz habar saýtlary we sosial media ulanyjylarynyň ençemesi hem ýalana çykardy.

Azatlyk Radiosynyň Beýik Britaniýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy bilen habarlaşyp, kommentariý almak synanyşyklary netije bermedi.

Türkmenistanda köp sanly Internet resurslary, şol sanda Azatlyk Radiosynyň hem-de Türkmenistan barada habar çap edýän beýleki garaşsyz neşirleriň websaýtlary petikli bolmagynda galýar.

Düýbi Parižde ýerleşýän “Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň dünýädäki metbugat azatlygynyň ýagdaýy boýunça 2019-njy ýylyň aprelinde çap eden soňky ýyllyk hasabatynda Türkmenistan dünýäniň 180 ýurdunyň arasynda iň yzdaky orny eýeledi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG