Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Koronawirusa ýolugýanlaryň sany artýar


Eýran wirusa 100-den gowrak adamyň ýokuşandygyny we ondan 15 adamyň heläk bolandygyny aýdýar.
Eýran wirusa 100-den gowrak adamyň ýokuşandygyny we ondan 15 adamyň heläk bolandygyny aýdýar.

Dünýäniň 30-dan gowrak döwletinde koronawirusa täze ýoluganlaryň üstüniň açylandygy habar berilýär. Bu sebäpli, wirusyň ýaýramagynyň öňüni almak tagallalarynyň netije bermändigi baradaky howatyrlanmalar artýar.

Wirusa kesellänler esasan, onuň ýaýrap başlan sebiti bolan Hytaýda, şeýle-de Ýaponiýada, Günorta Koreýada, Italiýada we Eýranda ýerleşýär.

Braziliýanyň saglyk ministrliginiň 26-njy fewralda beren maglumatyna görä, ýakynda Italiýa sapar eden Sao Paolonyň raýaty wirus bilen keselläp-kesellemändigi boýunça barlagdan geçirilýär. Bu Günorta Amerikada wirusa ýokuşan ilkinji ýagdaý bolup biler.

Ýewropa ýurtlarynyň ençemesi, ýagny Awstriýa, Horwatiýa, Ispaniýa we Şweýsariýa ýakynda Italiýada saparda bolan raýatlaryndan bu wirusyň ýüze çykarylandygyny aýtdylar. Demirgazyk Afrikanyň Alžir döwletinde hem wirus bilen keseläniň üsti açyldy.

Italiýa wirusa 330 adamyň ýolugandygyny we ondan 11 adamyň ölendigini aýtdy.

Soňky günlerde Owganystan, Bahreýn, Yrak, Küweýt we Oman wirus bilen kesellän ilkinji ýagdaýlaryny yglan etdiler. Kesellänleriň ählisi Eýranda bolupdylar.

Eýran wirusa 100-den gowrak adamyň ýokuşandygyny we ondan 15 adamyň heläk bolandygyny aýdýar. Emma Tähranyň wirusyň gerimini peseldip görkezýändigi barada hem çaklamalar edilýär.

XS
SM
MD
LG