Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Yug-Neftegaz” Türkmenistanyň nebit-gaz pudagyna $70 mln sermaýa ýatyrar


Nebit skwažinasy (illýustrasiýa suraty)
Nebit skwažinasy (illýustrasiýa suraty)

“Yug-Neftegaz Private Limited” kompaniýasy, “Türkmennebit” döwlet konserni bilen baglaşan şertnamasyna laýyklykda, 2020-nji ýylda Türkmenistandaky proýekte $70 million sermaýa ýatyrar. Bu barada Russiýanyň Nebit-gaz hyzmatlary assosasiýasy habar berýär.

Maglumata görä, 2008-nji ýylda “Yug-Neftegaz Private Limited” we “Türkmennebit” Türkmenistanyň günbataryndaky skwažinalarda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek boýunça hyzmatlary hödürlemek barada şertnama baglaşypdyrlar. 2020-nji ýylyň başyna çenli potratçy 1 müň 544 skwažinada düýpli abatlaýyş işlerini geçiripdir.

Singapurda hasaba alnan “Yug-Neftegaz Private Limited” kompaniýasyna ukrain oligarhy hökmünde tanalýan Igor Burkinskiý ýolbaşçylyk edýär.

XS
SM
MD
LG