Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan türkmenleriniň elipbiý aladalary ýerine gowuşdy. Owganystanda özbaşdak täze türkmen elipbiýi ykrar edildi


Türkmen diliniň ilkinji elipbiýsi
Türkmen diliniň ilkinji elipbiýsi

Dünýä Türkmenleriniň bu sany owgan türkmenleriniň elipbiý aladalarynyň netijelerine gönükdirilýär.

Owgan türkmenleri köp ýyllyklaryň dowamynda özbaşdak elipbiýlerini Owganystanda resmi derejede ykrar etdirmek boýunça tagalla edip geldi. Bu tagallalar ahyry öz miwesini berdi. Golaýda Owganystanyň Ylymlar Akademiýasy owgan türkmenleriniň özbaşdak elipbiýsini tassyklap, muny resmi neşirde çap etdi.

Azatlyk Radiosynda köp ýyllyklaryň dowamynda bu mesele boýunça gepleşikler efire berildi, makalalar çap edildi, interwýular geçirildi.

Owganystanda ýeke-täk özbaşdak türkmen elipbiýsiniň resmi derejede ykrar edilmegi 2-nji fewralda Azatlyk Radiosynyň Dünýä Türkmenleri programmasynda “Owgan türkmenleriniň özbaşdak elipbiý aladalary” atly gepleşigiň efire berilmeginiň edil yzýanyna gabat geldi.

Dünýä Türkmenleriniň bu sany owgan türkmenleriniň elipbiý aladalarynyň netijelerine gönükdirilýär.

Gepleşigimize Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şamerdanguly Myradyny hem-de Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy we synçy Hudaýberdi Hallyny çagyrdyk.

Owgan türkmenleriniň elipbiý aladalary ýerine gowuşdy. Owganystanda täze türkmen elipbiýi ykrar edildi
please wait

No media source currently available

0:00 0:14:59 0:00



XS
SM
MD
LG