Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Marokkonyň awtonomiýa planynyň Günbatar Saharada “ýeke-täk çözgütdigini” aýdýar


Türkmen DIM-niň başlygy Reşit Meredow
Türkmen DIM-niň başlygy Reşit Meredow

Türkmen DIM-niň başlygy Reşit Meredow 4-nji martda Rabatda Marokkonyň daşary işler ministri Nasser Bourita bilen duşuşandan soň, Aşgabadyň Marokkonyň awtonomiýa planyna goldawyny bildirip, onuň Günbatar Sahara dawasynda “ýeke-täk çözgütdigini” aýtdy.

Meredow morokkoly kärdeşi bilen beren metbugat ýygnagynda öz ýurdunyň Marokkonyň awtonomiýa başlangyçlary bilen bilelikde BMG-niň Günbatar Sahara meselesinde syýasy çözgüt tapmak tagallalaryny goldaýandygyny belledi.

Meredow we Bourita iki ýurduň arasyndaky düşünişmek jarnamasyna gol çekdi, onda syýasat we diplomatiýa, kanunçylyk, söwda we medeniýet boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk planlaryny işläp düzmek nazarda tutulýar.

Meredowyň iki günlük resmi sapary Marokko bilen Türkmenistanyň arasynda 1992-nji ýylda açylan diplomatik gatnaşyklardan bäri ilkinji sapar bolup durýar. Taraplar duşuşyk mahalynda özara bähbitli ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gelejegini maslahatlaşdylar diýip, ýerli media habar berdi.

XS
SM
MD
LG