Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BSG koronawirusy pandemiýa yglan etdi


Bütindünýä saglyk guramasy (BSG) koronawirus infeksiýasynyň ýaýramagy bilen bagly ýagdaýy pandemiýa diýip hasaplaýandygyny yglan etdi. Bu barada guramanyň Twitter sosial ulgamyndaky sahypasynda habar berildi.

Bu wirusyň pandemiýadygy baradaky bildirşi BSG-niň başlygy Tedros Adhanom Ghebreyesus 11-nji martda žurnalistler üçin geçirilen brifingde yglan etdi. Ol guramalary we ýurtlary infeksiýanyň ýaýramagyny çäklendirmek üçin berk çäreleri görmäge çagyrdy.

Tedros munuň "pandemik" diýlip atlandyrylan ilkinji respirator keselidigini hem belläp, COVID-19 wirusyň dünýäniň 114 ýurdyna ýaýrandygyny hem aýtdy.

Haýsydyr bir ýokanç keseliň bir ýerde döräp, soňra onuň giňden dünýä ýaýramagyna "pandemiýa" diýilýär.

Azat Adalga: Pandemiýa, epidemiýa we endemiýa
please wait

No media source currently available

0:00 0:02:44 0:00

11-nji martda bu wirus dünýäde 119000 adama ýokuşdy we ondan 4291 adam öldi.

Wirusyň dörän ýeri Hytaýdan soň, koronawirus bilen kesellänleriň sany boýunça Italiýa ikinji orunda durýar. Bu ýurtda wirusdan kesellänleriň sany 9000 adama ýetdi.

Infeksiýanyň ýaýramagy bilen baglanyşykly köp ýurt dürli çäklendirmeleri girizdi: hususan-da, Italiýa, Moldowa we Ysraýyl serhetlerini ýapdy.

9-njy martda Eýranyň häkimiýetleri ýurtdaky koronowirus aladalary esasynda 70 müňe golaý tussagy azatlyga goýberdiler. Bu barada Eýranyň sud häkimiýetleriniň başlygy Ibragim Raisi habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG