ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp milli telewideniýede eden çykyşynda koronawirusyň global pandemiýasyny çäklendirmek synanyşyklaryň çäginde Ýewropadan ABŞ syýahatlaryň "ählisini ýatyrýandygyny" habar berdi.
11-nji martda Ak Tamdan eden çykyşynda Tramp syýahatyň ýatyrylmagy bilen bagly çäklendirmeleriň ABŞ-nyň raýatlaryna we Britaniýa degişli bolmajagyny aýtdy. Tramp çäklendirmelerde göz öňünde tutulan ýurtlaryň sanawyny anyklaşdyrman, "Ýewropadan ähli syýahatlar" ýatyrylýar diýdi.
Ak Tamyň ýaýradan maglumatynda Ýewropanyň 26 ýurdy ýagny Şengen giňişligi diýlip atlandyrylýan ýurtlar agzalýar. Bu bolsa, çäklendirmeleriň Ýewropanyň beýleki ýurtlaryna degişli bolmajagyny aňladýar.
Tramp Ýewropada COVID-19 wirusy bilen kesellänleriň has köpdügini, sebäbi, onuň aýdyşyna görä, şol ýurtlar Waşingtonyň gören çärelerini berjaý etmändir, şol sanda Hytaýdan syýahatçylygy ýatyrmandyr.