Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň wekili owgan liderlerini saýlaw gapma-garşylygyny bes etmäge, parahatçylyk üçin ‘taryhy pursaty’ peýdalanmaga çagyrýar


ABŞ-nyň Owganystan boýunça wekili Zalmaý Halilzad Aşraf Ganiniň inagurasiýasyna gatnaşýar. Kabul, 9-njy mart, 2020.
ABŞ-nyň Owganystan boýunça wekili Zalmaý Halilzad Aşraf Ganiniň inagurasiýasyna gatnaşýar. Kabul, 9-njy mart, 2020.

ABŞ-nyň Owganystan boýunça wekili Zalmaý Halilzad owgan liderlerini dawaly prezident saýlawlary babatyndaky özara oňuşmazlyklaryny bes edip, parahatçylyk üçin dörän “taryhy purtsaty” elden gidermezlige çagyrdy.

Halilzad 12-nji martda Kabuldan telefon arkaly beren gürrüňinde, Azat Ýewropa/Azatlyk radiosyna owganlaryň ählisi, şol sanda günbatar tarapyndan goldanylýan Kabul hökümeti we “Talyban” üçin-de “el-ele berip, onýyllyklara çeken aýylganç çaknyşyklardan sapak almak wagtynyň gelendigini” aýtdy.

Halilzadyň bu sözleri prezident Aşraf Ganiniň we onuň esasy saýlaw bäsdeşi, ozalky baş ýerine ýetiriji Abdulla Abdullanyň 9-njy martda aýrybaşgalykda öz gapma-garşy inagurasiýa dabaralaryny gurnamagynyň yz ýanyna gabat geldi.

28-nji sentýabrda saýlaw bidüzgünçilikleri, gatnaşygyň pesligi hem-de jeňçi hüjümleri astynda geçirilen dawaly saýlawlarda Gani ýeňiji diýlip yglan edildi.

Abdulla bu netijeleri "döwlet agdarylyşygy" diýip atlandyrdy we parallel hökümet döretmegi wada berdi.

Synçylar bu dawalaryň zorluga ýazmak we Birleşen Ştatlar bilen “Talyban” toparynyň arasynda 19 ýyla golaýlan urşy soňlamak barada baglaşylan taryhy ylalaşygy bozmak ähtimallygyny duýdurdylar.

XS
SM
MD
LG