Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan öz ilaty üçin walýuta çäklendirmelerini artdyrýar


Türkmenistan, ýerli bank bölümi.
Türkmenistan, ýerli bank bölümi.

Türkmenistan walýuta gözegçiligini güýçlendirdi diýip, "Roýters" 13-nji martda habar berdi.

Habar gullugynyň maglumatyna görä, muňa Merkezi bankyň bäşinji gün, türkmen tebigy gazynyň esasy alyjysy bolan Hytaý gaz importyny kemeldeinden we global energiýa bahalary aşak gaçanyndan soň çap eden dokumentleri şaýatlyk edýär.

"Roýterse" elýeterli bolan dokumente laýyklykda, Türkmenistanyň Merkezi banky raýatlaryň her aýda milli bank kartlarynda ýerli manatda serişde goýup, ABŞ walýutasynda yzyna alyp bilýän walýuta serişdesini 300 dollara çenli azaltdy.

Mundan öňki resmi aýlyk çäklendirme ABŞ-nyň 500 dollaryna barabardy.

Şeýle-de, bu dokumente laýyklykda, elektron pul geçirilişiniň möçberi aýda 300 dollar bolanlygyndan 200 dollara çenli aşak düşürildi.


Nagt däl konwertasiýa ýurduň ilaty üçin kanuny walýuta çalşygynyň ýeke-täk usuly bolup durýar. Pul döwlet kursy esasynda, 1 ABŞ dollaryna 3,5 manat hasabynda mala aşyrylýar.

Dollaryň döwlet tarapyndan kesgitlenen resmi hümmeti 2015-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri, bäş ýyl içinde üýtgemän gelýär. 2016-njy ýylda Türkmenistanyň hökümeti nagt walýuta alyş-çalşygyny gadagan etdi.

Ýurtda walýutanyň gara bazary işleýär, ol ýerde amerikan dollary resmi bahasyndan bäş esse gymmat bahadan satylýar.


Hytaý iberilýän gaz Türkmenistan üçin esasy walýuta girdejisi bolup durýar. "Roýtersiň" habar bermegine görä, türkmen tebigy gazynyň esasy alyjysy bolan PetroChina, koronowirus epidemiýasynyň döremegi bilen baglylykda, martyň başyndan Türkmenistandan satyn alynýan tebigy we suwaldylan gazyň möçberiniň azaldylýandygyny aýtdy.

Mundan başga, Orsýet bilen OPEK arasynda gaz öndürilişini çäklendirmek barada geçirilen gepleşikleriň şowsuz gutarmagy netijesinde nebitiň bahasynyň arzanlamagy dowam edýär.

Nebit nyrhlarynyň aşaklamagy gazyň bahasyna hem öz täsirlerini ýetirýär. Nebit bahalarynyň bu gezekki peselmesi soňky otuz ýyldaky iň uly arzanlaýyş bolup durýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär

XS
SM
MD
LG