Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hukuk goraýjy Ponomarýew polisiýa bölüminde urlup, hassahana düşdi


Lew Ponomarýew

Moskwada “Adam hukuklary ugrundaky” hereketiň lideri, 78 ýaşyndaky Lew Ponomaýew polisiýa bölüminden hassahana geçirildi.

Ol 14-nji martda Moskwada FHB-nyň bikanun tussag etmelerine garşy guralan ygtyýar berilmedik piket mahalynda tussag edildi.

Ponomarýew lukmanlaryň öz saglyk ýazgdaýyny “beýni sarsmasy babatda barlaýandyklaryny” aýtdy.

Onuň keselhana ýerleşdirilmegi barada karara tiz kömek topary tarapyndan gelindi. Lukmanlar Ponomarýewiň birnäçe ýyl ozal ýürek keselinden ejir çekendigini göz öňünde tutdular. Bu barada onuň aklawçysy Wasiliý Kuşnir habar berdi.

Aklawçynyň sözlerine görä, polisiýa Ponomarýew babatynda protokal düzmändir, emma Moskwanyň Taganskiý etrabynyň şol bir polisiýa bölümine getirilen beýleki 11 tussagyň garşysyna administratiw jenaýat işini açmak hakynda protokal taýýarlanypdyr.

Ponomarýewiň sözlerine görä, FHB binasynyň golaýyndaky çäreden soň onuň bilen bilelikde tussag edilen başga bir adam näbelli adamlar tarapyndan ýenjildi.

“OVD-Info” saýtynyň habaryna görä, Moskwada Lýubankadaky syýasy repressiýalara garşy guralan çäreler sebäpli 50 töweregi adam tussag edildi.

Köpüsi ýaş adamlardan ybarat bolan protestçiler, öz aýtmaklarynda görä,14-nji martda rus paýtagtynda ýurtdaky syýasy repressiýa garşylyklaryny bildirdiler.

Olaryň käbiri howpsuzlyk gullugyny “Bikanunçylygyň federal gullugy” diýip atlandyrýan şygary galdyrsa, beýlekiler “Utanç!” diýip gygyrdy.

“OVD Info” tutulanlaryň käbiriniň gapma-garşylyk mahalynda ýaralanandygyny habar berdi.

AFP habar gullugynyň maglumatyna görä, 78 ýaşyndaky Ponomarýew, polisiýanyň awtobusyna alnyp gidilmezinden öň dawalaşyp, polisiýa wekillerine piketleriň ygtyýarnama talap etmeýändigini düşündirmäge synandy.

Bu çäre şu ýyl terrorizm aýyplamalarynda sud edilip, günäli tapylan we sud zalynda özleriniň FHB tarapyndan gynalandyklaryny aýdan erkeklere goldaw bildirmek üçin gurnaldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG