Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan adatdan daşary ýagdaýda mahaly, Özbegistanda COVID-19 ýokuşanlaryň sany alty adama ýetdi


Özbegistanda ýene bäş adama COVID-19 wirusynyň ýokuşandygy tassyk edildi we ýurtda bu wirusdan kesellänleriň jemi sany alty adama ýetdi diýlip, 16-njy martda hökümetiň bu hassalyk barada maglumatlary çap edýän Telegram kanalynda aýdyldy.

Alty adamdan dört sanysy Fransiýadan dolanyp gelen özbek maşgalasynyň agzalarydyr diýlip, Özbegistanyň hökümetiniň ýaýradan beýleki beýanatynda aýdylýar.

Özbegistan 15-nji martda irden COVID-19 hassalygy ýokuşan ilkinji özbegistanlynyň hasaba alnandygyny tassyk etdi.

Şol güni Gazagystan COVID-19 keseline ýoluganlaryň sanynyň, täze wirus ýokuşan üç adamyň ýüze çykarylmagy bilen, dokuz adama ýetendigini aýdyp, ýurtda adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi.

Mundan ozal Gazagystan öňde duran Nowruz baýramçylygy mynasybetli guraljak dabaralary we Ikinji Jahan urşunda nasist Germaniýadan üstün çykylmagynyň 75 ýyllygy mynasybetli geçiriljek harby parady goýbolsun edýändigini habar beripdi.

Resmiler ýurtda 1 müňden gowrak adamyň karantin astynda saklanylýandygyny we 500-e golaý adamyň öýlerinde özlerini karantin astyna salandygyny aýdypdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG