Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Tutuşlygyna täze ekosistema”: Putiniň Orsýetinde garaşsyz žurnalistika diri galmagy öwrenýär


Illýustrasiýa suraty.

Prezident Wladimir Putiniň Orsýetde höküm süren onýyllyklary ýurduň garaşsyz mediasyna ýakymsyz darady.

Putin ilkinji gezek 2000-nji ýylda wezipä saýlanaly bäri, Kreml garaşsyz milli ýaýlymlary bogup başlady, beýleki media proýektleri ýapdy ýa-da ele geçirdi, media eýelerine we mahabat berijilere basyş etdi, daşary ýurtly maýadarlary sygdyrmady hem-de döwlete degişli bolmadyk Internet resurslaryny gaýta-gaýta petikledi.

Igor Domnikow, Ýuri Şekoçihin, Pawel Klebnikow we Anna Politkowskaýa ýaly tanymal žurnalistleriň üsti açylman galan ölümleri barada gürrüň hem ýok.

Bu aralykda, milli efir tolkunlary gije-gündiziň dowamynda Kremliň ugrukdyrýan wagyz-nesihatlarynyň ýaýlymlary bilen dolduryldy hem-de olar jomart ýeňillikler bilen üpjün edilýän bir topar döwlet telekanalynda efire berildi.

“Soňky 5-10 ýylyň içinde esasy media guramalarynda ýagdaýlar žurnalistler üçin aýdym-saz astynda oturgyç gapma oýnundaky ýaly “alan-aldynyňka” döndi” diýip, žurnalist we media geňeşçisi Ilýa Klişin aýtdy, “Her aýlawda, bir media gurama sandan çykdy. Galan mümkinçilikleriň sany gaty az”

Bu islendik pursatda has-da erbetleşip biler, diýip Klişin aýdýar.

Ilýa Klişin, žurnalist we media geňeşçisi
Ilýa Klişin, žurnalist we media geňeşçisi

“Biz – Russiýada metbugat işi bilen meşgullanýan adamlar alada, depresiýa we howp astynda ýaşaýarys” diýip, ol Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Rus gullugyna beren interwýusynda aýtdy. “Olar ertir [Iosif Staliniň uly terrorynyň] täze wersiýasyna girişip 5,000 žurnalisti tussag ederlermi ýa-da golaýda oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalnyny edişleri ýaly žurnalistleriň bank hasaplaryny doňdurarlarmy, biz muny bilmän ýaşaýarys” diýip, ol sözüne goşdy.

“Eger-de bu Staliniň edişi ýaly bolmasa, türk prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyňky ýaly bir zat bolup biler” diýip, ol belledi.

Emma basyşlara garamazdan, Russiýada ýokary hilli garaşsyz žurnalistika diri galmaga dowam edýär we ýaşap bolmajak ýaly bolup görünýän media gurşawyna uýgunlaşyp, tutuş ýurt boýunça täze görnüşlere eýe bolýar.

Kremliň duşmançylygy adatça ýiti derňewleri üçin alkyş alan esasy neşirleri çäklendirdi diýip, “The Insider” web-saýtynyň baş redaktory Roman Dobrohotow aýtdy, Ol “Wedomosti”, “Forbes” we “Kommersant” ýaly neşirlere yşarat etdi.

“Şol pursatda duýdansyz düýbünden täze metbugat, medianyň täze tolkuny peýda boldy. Ilkibaşda, “The Insider” bardy. Ýöne soňra “The Bell” diýdi, öňki nebit magnaty Mihail Hodorkowskiýniň kiçi-kiçi dürli media proýektleri diýdi, garaz bir topar neşir peýda boldy. “Meduza” has iri we ownuk taslamalaryň arasynda bir ýerdedir, ýöne ol hem žurnalistleriň täze nesliniň işleýän täze tolkunynyň bir bölegidir” diýip, ol aýtdy.

“Şu agzalýan ähli habar serişdeleri ‘aşa zäherli gurşawda’ döreýär” diýip, Dobrohot sözüne goşdy.

“Şol sebäpden olar güýçli. Ewolýusiýanyň kanuny şeýle” diýip, ol aýdýar.

Beýlekilere garanyňda täze bir garaşsyz onlaýn neşir bolan “Mediazonanyň” baş redaktory Sergeý Smirnow munuň bilen ylalaşýar.

“Žurnalistika bir mydar. Hüjüm edilen žurnalistikanyň däp bolan görnüşleri boldy” diýip, ol aýdýar.

Biznes daşardan, mazmun içerden

Dobrohotow “The Insider-iň” döredilişiniň hem beýleki täze neşir tolkunlarynyň döredilişine mahsus bolandygyny aýtdy. Bu neşirleriň ençemesi, şol sanda “Meduza” we “The Insider”, Russiýanyň çäginden daşarda guramalaşdyrylýar. Ýöne olaryň ählisi Russiýadaky wakalar barada habar berýär.

“The Insider-iň” merkezi edarasy ýok, hemmeler başaran ýerlerinde öz laptoplarynda işleýärler “şonuň üçin olar belli bir ýere baryp, ählimiziň kompýuterlerimizi syryp-süpürip alyp gidip bilmeýärler” diýip, ol aýtdy.

Şeýle-de, olaryň kompýuterlerine hakerlere we DDoS hüjümlerine garşy “hatda köp sanly günbatar media guramalarynda-da bolmadyk” iň häzirkizaman goraglar oturdyldy.

“The Insider” çölde biten ýeke gül däl, eýsem düýbünden täze ekosistemanyň bir bölegidir diýip, Dobrohotow nygtaýar.

Roman Dobrohotow, "The Insider" neşiriniň baş redaktory
Roman Dobrohotow, "The Insider" neşiriniň baş redaktory

Galyberse-de, bu media guramalarynyň köpüsi Internetde üns çekmegi we güýmenjäni ret edýär, olar “jemgyýetçilik ähmiýeti” bolan maglumat bilen abraý almagyň tarapdary. Bu abraý maliýe toplamagyň dürli görnüşleri üçin zerurdyr. Olaryň biznes modeliniň düýp mazmuny şondan ybarat diýip, ol aýdýar.

“Özboluşly aýdylanda, seniň jemgyýetçilik ähmiýetiň näçe ýokary bolsa, şonça-da köp pul toplap bilýärsiň. Şonuň üçin jemgyýetçilik ähmiýetiňi subut etmek üçin höwes bolýar. Bu örän oňyn höweslendirmedir. Biz “The Insider” bolup, bu meýilden örän hoşaldyrys sebäbi, biziň saýtymyza girýänleriň tas ýarymdan gowragy derňew işlerimiz sebäpli girýär. Biz auditoriýamyzyň bizden şoňa garaşýandygyna düşünýäris” diýip, Dobrohotow aýtdy.

Mundan başga-da, resmileriň baş goşýan korrupsiýasy barada Nawalnynyň Korrupsiýa garşy guramasy tarapyndan Internetde yzygiderli düýpli žurnalistiki derňewler çap edilýär. Onuň YouTube kanalynyň 3 miliondan gowrak yzarlaýjysy bar we onuň çap edýän wideolary 1 miliondan-da köp gezek görülýär. Onuň 2017-nji ýylyň martynda şol wagtky premýer ministr Dmitriý Medwedowyň öňe sürülýän korrupsiýasy barada äşgär eden maglumatlary 33 milion gezek görüldi.

Şuňa meňzeş ewolýusiýany ýerlerde-de görmek mümkin diýip, žurnalist Klişin aýdýar. Ol žurnalistika we mediany dolandyrmak barada ýurduň künjeklerinde yzygiderli seminarlary geçirýär.

Klişin ýaş žurnalistler üçin ýerlerde mümkinçilikleriň ýokdugy, olar üçin geljegiň ýa rus döwlet telewideniýesiniň ýerli şahamçalarynda işlemekden ýa-da Moskwa göçüp, RT-de ýa-da “Rossiýa-24” kanalynda iş tapmakdan ybaratdygy barada barha yza galýan stereotipleriň bardygyny aýdýar.

Ýöne köp ýaş žurnalist başgaça ýol tapýar.

“Ýaşlar örän gyzykly taslamalary hödürleýärler. Meselem, olar “Syktywkaryň şäher mediasy” diýen teklip bilen geldiler. Bu aslynda VK we podkastlar arkaly işleýär” diýip, ol meşhur Vkontakte sosial media saýtyny göz öňünde tutup aýtdy. “Bu Sowet ‘samizdatyň’ bir dowamaty hökmündedir” diýip, ol belledi.

Ol iki ýa-da üç ýyl mundan ozal, “Nirede işleýärsiň?” diýlen soraga “Alekseý Piwowarowyň YouTube kanalynda” ýa-da “Lika Kremeriň podkast studiasynda” diýlip jogap berilse, örän geň bolardy. Piwowarow 1 milion yzarlaýjysy bolan “Redaksiýa” atly YouTube kanalyny ýöredýän žurnalistdir. Kremer geçen ýyl “Libo/libo” (Ol ýa-da beýleki) atly podkast studiany döreden meşhur aktrisa we TW alyp baryjysydyr.

Putiniň uzak ýyllaryň dowamynda häkimiýetde galmak mümkinçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolan awtoritar hökümetiniň şertlerinde garaşsyz žurnalistika we demokratiýa tarapdar işjeňlik barha möhüm ähmiýete eýe bolýar, diýip Dobrohotow aýtdy.

“Garşy durmaga ukyply diňe iki sany guramaçylykly güýç bar – aktiwistler we žurnalistler. Olar şeýle bir umumy darlyga düşdüler welin, olary tapawutlandyrmak köplenç kyn. Ilkibaşda aktiwist hökmünde başlan Nawalny häzirki wagtda žurnalistiki derňewleri geçirýär we käte iri media guramalaryndan has gowy iş bitirýär. Žurnalist hökmünde işe girişen Ilýa Azar häzirki wagtda köp sanly aktiwistden has işjeň ýeke adamlyk piketleri geçirýär” diýip, ol aýtdy.

“Kanuna esaslanýan döwleti täzeden dikeltmek umydymyz bar bolsa, şu iki güýç jemgyýetiň bu mehanizmi yza saramagy üçin zerur bolan energiýany toplamagyna kömek eder” diýip, Dobrohotow sözüne goşdy.

“Maglumat – güýç, hususan-da 21-nji asyrda bu şeýledir. Putin nädip dolandyrýar? Ol adamlary maglumatdan mahrum edýär, ol muny zerur gördügiçe az-azdan şeýle edýär. Has obýektiw we dogry maglumatlar bilen muňa garşy çykmak bize, ýagny žurnalistlere we aktiwistlere bagly” diýip, ol sözüni jemledi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG