Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Merkezi Aziýada COVID-19 sebäpli aladalar artýarka, Türkmenistan Nowruza taýýarlyk görýär


Hezreti Omar metjidi, Aşgabat
Hezreti Omar metjidi, Aşgabat

Üç aýdan az wagtyň dowamynda heläkçilikli koronawirus dünýäniň 160 çemesi ýurduna ýaýrady. COVID-19 bilen ençeme adamyň kesellänligi Türkmenistan bilen goňşy ýurtlaryň ählisinde anyklandy we soňky günlerde koronawirus Merkezi Aziýada ýaýraýar. Gazagystan adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi, Özbegistan, Täjigistan we Gyrgyzystan baýramçylyklary ýatyrdy, üýşmeleňleri, şol sanda metjitlerdäki köpçülikleýin namazlary çäklendirdi. Bu ýagdaýda Türkmenistan Nowruz baýramyna taýýarlanýar.

Soňky günlerde Türkmenistanda Nowruz baýramyna giňden taýýarlyk görülýär, paýtagtda we regionlarda repetisiýalar geçirilýär, döwlet telewideniýesinde görkezmek üçin öňünden wideo ýazgylar edilýär. Bu barada Türkmenistandaky habarçylarymyz gürrüň berýärler.

Türkmenistanda döwlet baýramy hasaplanýan Nowruz 21-22 nji martda adatça uly konsertler we köpçülikleýin çäreler bilen bellenýär. Soňky ýyllarda döwlet telewideniýesinde görkeziljek bu baýramçylygyň bellenişi öňünden ýazgy edilýär. Nowruz baýramynda görkeziljek toý dabaraly çärelere okuwçylar we býujet işgärleri köpçülikleýin mejbury çekilýär.

Azatlygyň habarçylary soňky günlerde gyssagly wideo düşürilen toý tomaşalaryň Nowruz güni döwlet telewideniýesinde görkeziljekdigini belledi. Emma Nowruz günleri köpçülikleýin dabaralaryň bolup-bolmajagy entek belli däl.

Türkmenistanyň häkimiýetleri koronawirusyň dünýä pandemiýasynyň dowamynda wirusyň ýurtda ýokdugyny aýdýarlar we onuň öňüni almak üçin çäreleri görýändigini öňe sürýärler. Hususan-da, ýaňy-ýakynda prezident COVID-19 keselinden üzärligiň tüssesi we burçly unaş bilen goranmagy ilata maslahat berdi.

Häzirki wagtda goňşy Eýran, Gazagystan we Özbegistan koronawirusyň howpy zerarly Nowruz baýramynda toý-dabaralary ýatyrdylar, Merkezi Aziýanyň Türkmenistandan başga ähli ýurtlary Nowruz baýramynyň bellenmegini resmi taýdan goýbolsun etdiler, şeýle-de üýşmeleňleri we metjitdäki köp adamly namazlary çäklendirdiler.

Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylarynyň sözlerine görä, şu günler Nowruza görülýän taýýarlyklardan başga-da türkmen häkimiýetleri ýowar geçirmegi planlaşdyrýarlar. Ählihalk bahar ýowarlaryna ýyllar boýy ýurduň tutuş ilaty gatnaşdyrylýar.

Üstesine, şu günler türkmen paýtagtynda medeni çäreler we sport ýaryşlary, şeýle-de, metjitlerdäki namazlar adaty görnüşde geçirilýär.

Şol bir wagtda-da habarçylarymyz dem alyş ugrundan keselleýänleriň köpdügini habar berýärler.

"Mekdeplerde çagalar köpçülikleýin dem alyş infeksiýalardan kesel bolýarlar. Meniň käbir tanyşlarym gartaşan adamlar we mekdep okuwçylary birnäçe günläp güýçli gyzdyrdylar, emma olaryň burny akmady, olar üsgürmedi" diýip, habarçylarymyzyň biri 18-nji martda Aşgabatdan habar berdi.

Onuň bellemegine görä, köpçülik lukmanlara ýüzlenmän, öýlerinde özlerini bejermäge synanyşýar. Sebäbi keselhanalarda hassalygy anyklamak üçin zerur barlaglaryň geçirilmeýändigini aýdýar.

Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtda COVID-19 bilen kesellänleriň ýokdugyny aýdýarlar, Azatlygyň çeşmeleri Aşgabadyň ýokanç keseller hassahanasynda karantinde saklanýan azyndan iki adamda koronawirusyň tapylandygyny 3-nji martda habar berdiler.

17-nji martda Azatlygyň ygtybarly beýleki çeşmeleri Balkan welaýatynda koronawirus bilen kesellänleriň Balkanabat şäherinde we Etrek etrabynda anyklanandygyny habar berdiler. ​

Türkmenistan koronawirusyň ýokdugyny resmi derejede yglan eden köp bolmadyk ýurtlaryň biridir. Bellemeli ýeri, koronawrusyň ýokdugyny öňe sürýän ýurtlar öz ilatynyň maglumat elýeterliligini çäklendirmekde we hukuklaryny depelemekde ýyllar boýy halkara hasabatlarynda öňde barýar.

5-nji martda türkmen resmileri Bütindünýä saglyk guramasynyň (BSG) rekomendasiýalaryny berjaý edýändiklerini halkara guramalaryna we daşary ýurt diplomatlaryna hasabat berdiler. 11-nji martda BSG koronawirusyň global pandemiýasyny yglan etdi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG