Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Rosneftiň” başlygy saudlar bilen düşünişmezlikleriň ähmiýetini peseldip görkezýär


“Rosneftiň” dolandyryjysy Igor Seçin
“Rosneftiň” dolandyryjysy Igor Seçin

Russiýanyň iň uly we kuwwatly nebit kompaniýasy, dünýädäki nebit bahalarynyň ýiti peselmegine sebäp bolan, Saud Arabystany bilen arasyndaky düşünişmezlikleriň ähmiýetini peseldip görkezdi. Mundan başga-da, ol şu ýylyň dowamynda ABŞ-nyň slanets önümçiliginiň bes ediljekdigini, netijede ýagdaýlaryň çalt kadalaşjakdygyny hem öňe sürdi.

“Rosneftiň” dolandyryjysy Igor Seçin 20-nji martda döwlet telewideniýesine beren interwýusynda dünýädäki nebit bahalaryny durnuklaşdyrmaga gönükdirilen “OPEC+” diýilip atlandyrylýan toparyň öz ähmiýetini ýitirendigini aýtdy. Ol muny ABŞ-nyň, Braziliýanyň, Norwegiýanyň we Meksikanyň özleriniň nebit önümçiligini artdyrmagy bilen düşündirdi.

“Eger-de beýleki döwletler özleriniň önümçiligini artdyrsalar, biziň muny kemeltmegimizde many ýok” diýip, Seçin aýtdy.

6-njy martda Wenada “OPEC+” toparyna agza ýurtlarynyň geçiren maslahatynda Russiýa Saud Arabystanynyň teklibi bilen ylalaşmajakdygyny mälim edipdi. Saud Arabystany, esasan koronawirus pandemiýasy sebäpli dünýäde nebite bolan talabyň peselmeginiň fonunda, onuň bahalaryny durnuklaşdyrmak maksady bilen önümçiligi ýene-de kemeltmegi teklip edipdi.

Moskwanyň bu teklipden ýüz öwürmegiň arkasynda prezident Wlamidir Putiniň ýakyn ýarany Seçiniň hut özüniň durandygy aýdylýar.

Muňa jogap edip, Riýadh ertesi gün nebit önümçiligini 20% töweregi artdyrýandygyny aýtdy. Bu nebitiň bahasynyň soňky 30 ýylyň dowamyndaky iň pes derejesine düşmegine sebäp boldy.

XS
SM
MD
LG