Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Söz - ýalaňaç pikre gyrmyzy dondur"


Magtymguly Pyragynyň we Mämmetweli Keminäniň heýkelleri

BMG-niň Magaryf, ylym we medeniýet guramasynyň (UNESCO) başlangyçlary esasynda her ýylyň 21-nji martynda bellenýän Bütindünýä Şygryýet güni bu ýyl altynjy güne düşdi. Azatlyk radiosy bu gün mynasybetli şygyr barada dürli döwürlerde we dürli adamlar tarapyndan aýdylan sözleriň käbirini öz okyjylaryna hödürlemegi makul tapdy.

  • Aýdan sözüňe pyglyň bolmasyn ýalan göwnüm. Magtymguly
  • Şahyr, hemme zatdan ozaly, dile jan-dilden aşyk bolan adamdyr. W. H. Auden
  • Şygyr durmuş hakykatyna taryha garanda has golaýdyr. Platon
  • Şahyrlar adamzadyň akyly, akyldalar bolsa paýhasydyr. Samuel Beckett
  • Siziň döreden zatlaryňyzyň bary hakykat: muňa ynanyp bilersiňiz. Şygyr hem geometriýa ýaly takyk dersdir. Julian Barnes
  • Şahyryň işi ...ady tutulmasyzlaryň adyny tutmakdan, kezzaplyklary görkezmekden, tarap tutmakdan, çekişmä başlamakdan, dünýäni düzgüne salmakdan we onuň uklamagyna ýol bermezlikden ybaratdyr. Salman Rushdie
  • Elmydama, hatda kyssa ýazaňda-da şahyr bol. Charles Baudelaire
  • Şahyrlar öz tejribelerine gezek gelende utançsyzdyr: olar ony ezýärler. Friedrich Nietzsche
  • Şahyr bolmak üçin sen belli bir derejede kämillige ýetmeli. On alty ýaşlylar özlerini hemişe gowy tanap bilmeýärler. Erica Jong
  • Gögele şahyrlar öýkünýärler; ýetişen şahyrlar ogurlaýarlar. T.S. Eliot
  • Aşyk bolan wagtyňyzda söýgi goşgularyny ýazmaň. Olary aşyk däl wagtyňyz ýazyň. Richard Hugo
  • Men özümi ilki şahyr, soňra sazanda hasaplaýaryn. Men şahyr ýaly ýaşaýaryn we şahyr ýaly hem ölerin. Bob Dylan
  • Şahyr göze görünmeýäniň ruhanysydyr. Wallace Stevens
  • Şygyr garjaşyk duýgularyň aýdyň beýany hökmünde kesgitlenip bilner. W.H. Auden
  • Eger-de men fiziki taýdan kellämiň ýokarsy aýrylan ýaly duýsam, men munuň goşgudygyny bilýärin. Emily Dickinson
  • Pespällik şahyrlaryň arasynda seýrek duşýan gylykdyr, sebäbi olaryň ählisi diýen ýaly özüni dünýäde iň beýik şahyr hasaplaýar. Miguel de Cervantes
  • Erbet goşgularyň ählisi hakyky duýgudan uç alýar. Oscar Wilde
  • Söz - ýalaňaç pikre gyrmyzy dondur. Gurbannazar Ezizow
XS
SM
MD
LG