Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Koronawirus: Türkmenistanda bir welaýatdan başga welaýata gidýän raýatlardan saglyk kepilnamasy soralýar, Türkmenabatda metjitler ýapyldy


Welaýatlaryň arasyndaky garaýollarda diňe döwlet awtobuslarynyň gatnawyna rugsat berilýär.
Welaýatlaryň arasyndaky garaýollarda diňe döwlet awtobuslarynyň gatnawyna rugsat berilýär.

Türkmenistanda koronawirusyň ýaýramagyna garşy görülýän çäreleriň çäginde häkimiýetler raýatlaryň welaýatara hereketini çäklendirýän täze düzgüni ýerine ýetirýär, bir regiondan başga regiona gidip-gelmek isleýän hem-de oňa hukugy bolan raýatlardan özlerinde koronawirus keseliniň ýokdugy barada saglyk kepilnamasy talap edilýär. Ýerli keselhanalarda saglyk kepilnamasyny almak üçin uzyn nobatlar döredi, ony almakda para-bermite ýol berilýändigi barada maglumatlar bar. Lebap welaýatynyň administratiw merkezi Türkmenabatda häkimiýetler 23-nji martdan 1-nji maýa çenli karantin üçin metjitleri ýapdy, welaýatyň ähli metjitleri dezinfeksiýa edilýär. Bular barada Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary anonim şertde habar berýärler.

Türkmenistanda raýatlaryň bir welaýatdan başga welaýata gidip-gelmegi 20-nji martda näbelli möhlete çenli çäklendirildi. Täze düzgüne laýyklykda raýatlara diňe gaýragoýulmasyz ýagdaýlarda, toý we ýas çärelerine gatnaşmak üçin, saglyk bejergisi üçin, hem-de iş saparyna gitmek üçin rugsatnama esasynda hereket etmäge rugsat berilýär. Döwlet media we metbugat serişdelerinde täze düzgün barada ýurt ýaşaýjylaryna, şol sanda raýatlara habar berilmedi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy welaýatlaryň arasynda gidip-gelmek isleýän raýatlaryň ýerli keselhanalardan saglyk kepilnamasyny nädip alyşlary barada maglumat berdi.

“Indi beýleki uzak etraplara we beýleki welaýatlara gitmek isleýänleriň ählisi keselhanalardan kepilnama almaly. Adamlar gan tabşyrmaly, öýken rentgen barlagyndan geçirilýär we temperatura ölçenýär. Munuň üçin kassa 15 manat tölemeli, lukman barlagy üçin 10 manat tölemeli, nobat köp, para-bermit hem bar” diýip, habarçymyz Aşgabatdan habar berdi.

Türkmenistanyň hökümeti koronawirusy anyklamak üçin zerur bolan lukmançylyk serişdeleri, şol sanda adaty testler ýa-da ýörite barlag serişdeleri, olaryň möçberi we üpjünçiligi barada ýurt ýaşaýjylaryna döwlet media we metbugat serişdeleriniň üsti bilen maglumat bermeýär.

Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, ýurduň demirgazyk welaýatynda etraplaryň arasynda hereket doly ýatyryldy. “Eger bizde (Aşgabatda – red.) uzak etraplara gitmek üçin diňe kepilnama soralýan bolsa, olarda (Daşoguzda – red.) has erbet” diýip, habarçymyz daşoguzly tanyşlarynyň sözlerine salgylanyp, Aşgabatdan habar berdi. Galyberse-de, onuň malgumatlaryna görä, bir welaýatda ýazgyda bolup, başga welaýatda ýaşaýan raýatlar öz ýazgyda duran regionlaryna ugradylýar.

Habarçymyz ýurtda welaýatlaryň arasynda ýola goýulýan transport gatnawlary barada maglumat berdi.

“Häzirki wagtda welaýatlaryň arasynda [garaýollarda] diňe döwlet awtobuslary gatnaýar. Otly gatnawlary hem bar, wokzallarda adam gaty köp” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň maglumatlaryna görä, kepilnama üçin saglyk barlagynyň şertleri bir welaýatdan başga welaýata görä üýtgeýär; Daşoguzda kepilnama üçin zerur bolan saglyk barlagynyň netijeleri 15 minutda taýýar bolýan bolsa, Türkmenabatda bu barlagyň netijelerini anyklamak 6 sagada çekýär.

Raýatyň saglyk ýagdaýy baradaky kepilnamanyň bir nusgasy Azatlyk Radiosyna gelip gowuşdy. Ondan mälim bolşuna görä, kepilnamanyň möhleti 14 gün bolup, onda raýatyň şahsy maglumatlary, gan seljermeleriniň netijeleri we öýken barlagy barada maglumat berilýär. Bu şertler koronawirusyň alamatlaryny anyklamaga degişli şertlere gabat gelýär.

Raýatyň saglyk ýagdaýy baradaky kepilnamanyň bir nusgasy Azatlyk Radiosyna gelip gowuşdy
Raýatyň saglyk ýagdaýy baradaky kepilnamanyň bir nusgasy Azatlyk Radiosyna gelip gowuşdy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi koronawirusy anyklamakda ýurtda nähili lukmançylyk serişdeleriň ulanylýandygy, olaryň üpjünçiligi barada ilata maglumat bermeýär.

Habarçymyzyň maglumatyna görä, Türkmenabatda welaýatara syýahata etmek isleýän ýolagçylaryň beden gyzgynlygy ölçenýär hem-de olaryň burunlaryndan analiz üçin suwuklyk alynýar. Bu barlagyň netijesi 6 sagatda taýýar bolýar. “Beden gyzgynlygy ýokary bolan raýatlar karantine ugradylýar” diýip, habarçymyz aýtdy.

Welaýatara hereket çäklendirmeleriniň tertibine laýyklykda “Türkmenhowaýollary”, “Türkmendemirýollary” hem-de “Türkmenawtoulaglary” agentlikleriniň degişli işgärleri ýörite enjamlaryň kömegi bilen uçara münýän ýolagçylaryň beden gyzgynlygyny ölçeýär.

Azatlyga mälim bolan iň soňky maglumatlara görä, welaýatlaryň arasyndaky hereket çäklendirmeleri häzirki wagtda Özbegistan bilen serhetleşýän Daşoguz we Lebap welaýatlarynda etraplaryň arasyndaky hereketi hem öz içine alýar. 22-nji martda habarçymyz Balkan welaýatynyň etraplarynyň arasynda-da raýatlaryň hereketiniň çäklendirilýändigini habar berdi.

Aşgabatly habarçymyz 23-nji martda Aşgabada diňe Ahal welaýatynyň paýtagta golaý etraplarynyň we obalarynyň ýaşaýjylaryna girmäge rugsat berilýändigini habar berdi.

“Aşgabadyň gündogar tarapynda ýerleşýän şäher girelgesinde ýollarda ulag dyknyşyklary başlandy, adamlaryň beden gyzgynlygy ölçenýär. Aşgabat boşaýar, oňa girmäge diňe Ahalyň paýtagta golaý etraplarynyň we obalarynyň ýaşaýjylaryna rugsat berilýär” diýip, habarçymyz aýtdy.

Beýleki bir habarçymyz 23-nji martda ýetiren habarynda etraplaryň arasyndaky ýol gözegçilik nokatlarynda polisiýa işgärleriniň raýatlardan saglyk kepilnamasyny talap edýändigini habar berdi.

“Ahal, Balkan we Lebap welaýatlarynda etraplaryň arasynda ýerleşýän Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň gözegçilik nokatlarynda adamlardan koronawirusyň ýokuşmandygy barada saglyk kepilnamasy talap edilýär” diýip, ol aýtdy.

Raýatlaryň bir welaýatdan başga welaýata gidip gelmegini çäklendirýän täze düzgünde etraplaryň arasyndaky hereket çäklendirmeleri barada maglumat berilmedi.

Koronawirusa garşy Lebap welaýatyndaky çäreleri öwrenen habarçylarymyz 23-nji martda Türkmenabatda metjitleriň 1-nji maýa çenli ýapylandygyny hem-de ähli metjitleriň dezinfeksiýa edilýändigini habar berdi.

“Türkmenabatda metjitler şu günden başlap (23-nji mart) ýapyldy, olaryň 1-nji maýa çenli ýapyk boljakdygy aýdylýar. Düýn-öňňünlikde Arassaçylyk we ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy göreş gullugynyň, häkimligiň hem-de başga-da birnäçe edaranyň işgärleri gelip metjitleriň ýapylýandygyny aýtdy. Ähli metjitlerde dezinfeksiýa işleri alnyp barylýar” diýip, habarçymyz aýtdy.

Türkmenistanda häkimiýetler Türkmenabady koronawirusa garşy karantin zolagy hökmünde resmi däl görnüşde yglan edip, 10-njy martdan bäri halkara uçar gatnawlaryny Türkmenabadyň aeroportuna gondurýar, şeýle-de fewralyň başynda Hytaýdan ewakuasiýa edilen türkmenistanlylar Türkmenabatda karantin astyna alyndy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG