Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda Hytaýdan Türkmenistana baran raýatlaryň 470 sanysy karantinde saklanýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Lebap welaýatynda Hytaýdan Türkmenistana baran türkmen raýatlarynyň 470 sanysy karantin astynda saklanýar diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy bu regiondan habar berýär.

Içerdäki ýagdaýlardan habarly lebaply bir raýatyň gizlinlik şertinde habarçymyza gürrüň bermegine görä, welaýatyň ýokanç keseller hassahanasynda aglabasy aýal-gyzlardan ybarat 240 adam karantin astynda saklanýar. Başga-da 230 sany oglan harby çadyrda galýar.

“Harby çadyrdakylar telewizor hem görüp bilýärler. Ýöne olara mobil telefondan peýdalanmaga rugsat berilmeýär” diýip, raýat habarçymyza gürrüň berdi.

Lebaply ýaşaýjy ilkibada Hytaýdan gelen raýatlaryň 14 gün karantinde saklanjakdygy barada aýdylandygyny, ýöne soňra onuň 24 güne çykarylandygyny hem belledi.

“Käbir raýatlaryň 14 günlük karantin möhleti 18-nji fewralda dolýardy. Ýöne soň 24 gün etdiler. Indi olaryň 29-njy fewralda goýberilmegine garaşylýar. Üçünji uçarda gelenleriň 4-nji martda goýberiljekdigi aýdylýar” diýip, habarçy raýatyň sözlerini getirdi.

Şeýle-de, ol häzirki wagt Hytaýdaky türkmen raýatlarynyň käbiriniň Türkmenistanda 24 gün karantinde saklanjakdyklary sebäpli ýurda dolanmaga çekinýändigini hem belledi.

Azatlyk Radiosyna bu aýdylanlar barada Lebap welaýat häkimliginden we saglygy goraýyş bölüminden kommentariý almak başartmady. Şeýle-de, bu maglumatlary ýurduň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine hem tassykladyp ýa inkär etdirip bolmady.

Şu aýyň başyndan bäri Hytaýdan Türkmenistana baranlaryň, şol sanda studentleriň we söwdagärleriň karantin zolaklarynda saklanýandygy barada Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary we çeşmeleri, şeýle-de garaşsyz media serişdeleri habar berip gelýärler.

Hytaýdan fewral aýynyň başynda baranlaryň Lebabyň Türkmenabat şäheriniň golaýynda döredilen karantin lagerinde saklanýandygyny, Azatlygyň habarçylary we çeşmeleri gürrüň beripdiler. Şondan soň Lebapda howpsuzlyk çäreleriniň güýçlendirilip, her köçäniň başynda polisiýa we harby edaralaryň işgärleriniň nobatçylyk çekýändigi aýdyldy.

Azatlygyň habarçylary ýene bir zonanyň Ahal welaýatynyň Duşak obasynda döredilip, bu ýerde ýanwaryň aýagynda baranlaryň saklanandygyny gürrüň berdiler.

12-nji fewralda Marydaky habarçymyz bu welaýatda Hytaýdan baran adamlara öz öýlerinde bolmaga rugsat berlendigini, emma olaryň öýlerinden çykmaýandygyny habar berdi.

20-nji fewralda dünýäde täze koronawirusdan ölenleriň sany 2100 adamdan aşan mahaly, Türkmenistanyň häkimiýetleri bu wirusy resmi derejede agzamakdan we özleriniň amala aşyrýan çäreleri barada ilaty habarly etmekden saklanmagyny dowam etdirýärler.

Şeýle-de, ýurt ýolbaşçylary Hytaýda dörän we dünýä ýaýraýan täze koronawirus bilen bagly ýurtda karantiniň bardygyny, onuň ýerleşýän ýerlerini, şol ýerde saklanýan adamlaryň sany we olaryň ykbaly barada-da habar bermeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG