Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda hökümet işgärleriniň ýarysy öýünde galýan bolsa-da, wirusdan ölenleriň sany 2 müňe golaýlady


Eýranda ýüzi gorag maskaly we eli gorag ellikli zenan.
Eýranda ýüzi gorag maskaly we eli gorag ellikli zenan.

24-nji martda Eýran soňky 24 sagadyň dowamynda koronawirusdan 122 adamyň ölendigini we munuň netijesinde bu wirusdan ölenleriň sanynyň 1934 adama ýetendigini habar berdi.

Bu waka prezident Hassan Rohaniniň wirusyň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen hökümet işgärleriniň ýarysynyň öýünde galýandygy barada eden çykyşynyň yzýanyna gabat geldi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat wekili Kianuş Jahanpuryň döwlet telewideniýesinde eden çykyşyna görä, soňky 24 sagadyň dowamynda bu wirus ýene1762 adama ýokuşdy we ýurtda koronawirus bilen kesellänleriň jemi sany 24 müň 811 adama ýetdi.

Döwlet eýeçiligindäki IRNA habar agentliginiň maglumatyna görä, ölenleriň arasynda ýurduň ýokary ruhany lideri Aýatollah Ali Hameneýiň oglunyň gaýyn enesi hem bar.

Rohani 24-nji martda döwlet telewideniýesinde eden çykyşynda tussaglaryň wagtlaýyn türmeden boşadylmagy bilen bagly çäräniň takmynan 18-nji aprele çenli uzaldyljakdygyny aýtdy.

9-njy martda Eýranyň häkimiýetleri ýurtdaky koronowirus aladalary sebäpli 70 müňe golaý tussagy wagtlaýyn azatlyga goýberdiler.

23-nji martda Eýran ABŞ-nyň teklip eden ynsanperwer kömegini ýene bir gezek ret etdi. Prezident Hassan Rohani eger ABŞ Tährana koronawirusa garşy göreşmäge kömek bermek isleýän bolsa, onda sanksiýalary ýatyrmalydyr diýdi.

XS
SM
MD
LG