Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistan ilkinji koronowirus ölümini tassyklady, lukmanlara goşmaça töleg töleýär


Prezidentden kömek soraýan aýal.
Prezidentden kömek soraýan aýal.

Özbegistan ýurtdaky ilkinji koronowirus ölümini tassyklamak bilen, pandemiýanyň merkezi aziýa ýurduna ýaýramagynyň öňüni almak üçin görýän çärelerini has-da güýçlendirendigini yglan etdi.

Saglyk ministrligi 27-nji martda koronowirusan ýogalan adamyň 72 ýaşyndaky namanganly erkek bolandygyny, onuň koronowirus ýokuşmazyndan öň başga birnäçe keselden ejir çekendigini aýtdy.

Fergana jülgesinde ýerleşýän Namangan özbek paýtagty Daşkentden soň ýurtdaky ikinji uly şäher bolup durýar we koronowirus sebäpli ýapylmaly edildi.

Saglyk işgärleriniň arasynda azyndan 11 adama koronowirusyň ýokuşandygy barada habar berlenden soň, häkimiýetler saglygy saklaýyş pudagynyň işgärlerine uly möçberde goşmaça töleg tölemegi teklip edýändiklerini aýtdylar.

Lukmanlar her iki hepdeden adaty aýlyklaryndan birnäçe esse köp möçberdäki pul sylagyny, 2500 dollar alarlar, şepagat uýalary, laboratoriýa işgärleri bolsa, her iki hepdeden 1500 dollar sylag alarlar, kiçi saglyk işgärlerine her iki hepdeden 1 müň dollar berler, beýlekilere 500 dollardan berler diýip, “Roýters” habar berýär.

Eger-de koronowirus ýokuşan hassany bejerýän wagtynda özüne wirus ýokuşsa, beýle saglyk işgärleriniň her birine 10 müň dollar berler.

Özbegistan öz serhetlerini ýapdy we jemgyýetçilik ýerleriniň ählisinde gorag maskalaryny geýmegi hökmany düzgüne öwürdi. Bu ýurtda 27-nji marta çenli 75 adama wirus ýokuşandygy habar berildi.

XS
SM
MD
LG