Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

RSF: Türkmenistan “koronawirus” sözüni gadagan etmek bilen öz raýatlaryny howp astynda goýýar


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedow
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedow

Türkmenistanyň hökümeti pandemiýa baradaky ähli maglumatlary gizlemek üçin türkmen sözlüginde “koronawirus” sözüni radikal hereket bilen gadagan etmek arkaly, öz raýatlaryny howp astynda goýýar diýip, “Serhetsiz Reportýorlar” (RSF) guramasy aýdýar.

““Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň maglumatyna görä, döwlet eýeçiligindäki media serişdelerine indi bu sözi ulanmagyna rugsat berilmeýär we hatda bu söz mekdeplerde, hassahanalarda hem-de iş ýerlerinde paýlanylýan saglyk maglumatlary baradaky broşýuralardan hem aýryldy” diýlip, 31-nji martda guramanyň websaýtynda çap edilen maglumatda aýdylýar.

Şeýle-de, “Serhetsiz Reportýorlar” (RSF) guramasy Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylaryna salgylanyp, “koronawirus barada islendik gürrüňdeşlik üçin alyp gidýärler. Nobatlarda, awtobus duralgalarynda we awtobuslaryň içinde adamlaryň özara gürrüňlerini ýörite adamlar diňleýärler" diýdi.

“Maglumatyň inkär edilmegi diňe bir howp abanýan türkmen raýatlaryna wehim salman, eýsem prezident Gurbanguly Berdimuhammedowyň girizen awtoritarizmini hem güýçlendirýär. Biz halkara jemgyýetçiligini reaksiýa bildirmäge we ony adam hukuklarynyň yzygiderli bozulmagy üçin jogapkärçilige çekmäge çagyrýarys” diýip, guramanyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň başlygy Jeanne Cavelier aýtdy.

Türkmenistanyň häkimiýetleri häzire çenli ýurtda koronawirus bilen kesellänleriň hasaba alynmandygyny habar berýän mahaly, türkmen raýatlary koronawirus pandemiýasy barada diňe bir taraply maglumat alyp bilýärler.

13-nji martda geçirilen hökümet maslahatynda Berdimuhamedow “ýüzärlik tütetmek däbiniň häzirki döwürde dünýäde emele gelen çylşyrymly pursatlarda aýratyn ähmiýetlidigine" ünsi çekip, wise-premýer P.Agamyradowa ilat arasynda degişli wagyz işlerini hemmetaraplaýyn guramagy tabşyrdy.

Munuň yzýany döwlet edaralarynda ýüzärlik tütetmek işi bat alyp, onuň bahasy hem gymmatlady. Mundan ozal ýüzärligiň bir bogdagynyň nyrhy 1 manatdan bahalanan bolsa, häzirki wagt 15 manada ýetdi.

“Serhetsiz Reportýorlar” guramasynyň dünýädäki metbugat azatlygynyň ýagdaýy boýunça 2019-njy ýylyň aprelinde çap eden soňky ýyllyk hasabatynda Türkmenistan dünýäniň 180 ýurdunyň arasynda iň yzdaky orny eýeledi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG