Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda ilata koronawirus barada geplemek gadagan edilýär, türkmen raýatlary ýurduň daşynda kösenýär


Çörek dükany, Aşgabat, mart, 2020
Çörek dükany, Aşgabat, mart, 2020

Türkmenistanda ilata koronawirus barada geplemegi gadagan edýärler. Azatlygyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, adamlaryň köçede özara gürrüňdeşlikde koronawirusy agzamagy olaryň saklanmagy bilen tamamlanyp bilýär.

"Koronawirus barada islendik gürrüňdeşlik üçin alyp gidýärler. Nobatlarda, awtobus duralgalarynda, awtobuslaryň içinde adamlaryň özara gürrüňlerini ýörite adamlar diňleýärler" - diýip habarçymyz 26-njy martda habar berdi.

Onuň sözlerine görä, köp halatlarda adamlary tutup äkidýänler raýat geýimli. Saklanan adamlaryň ykbaly belli däl, häkimiýetleriň şeýle hereketi bilen ilat arasynda koronawirus sebäpli dowul döremeginiň öňüni almaga synanyşýan bolmagy çak edilýär.

Soňky hepdäniň dowamynda Türkmenistanda koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça çäreleriň hasam güýçlenendigi göze ilýär, paýtagtda we welaýatlaryň arasynda hereket çäklendirildi, ýollarda we jemgyýetçilik ýerlerinde adamlaryň gyzgyny barlanýar, näsaglyk alamatly adamlar karantine ýollanýar.

26-njy martda Azatlygyň habarçylary jemgyýetçilik ýerlerde mugt dezinfeksiýa serişdeleriniň peýda bolandygyny, emma dermanhanalarda olaryň gytçylygynyň dörändigini habar berdiler.

- Bankyň girelgesinde spirtli dezinfeksiýa serişdeleri, çyg salfetkalar we oksalin maz goýlupdyr. Içeri işler ministrligine degişli edaralarda girelgelerde oksalin maz ýatyr, burnuňa çalmak üçin.

- Hiç bir dermanhanada we dükanda antiseptik serişdeleri, gel we salfetka ýok. Ýogsa "Berkarar" söwda merkeziniň girelgesinde alyp ulanmak üçin antiseptikleriň uly gaplary dur. Mejburlyk ýok, emma islän adam ulanyp bilýär.


Häzirki wagtda türkmenistanlylaryň köpüsini maddy mesele alada goýýar. Ýurtda koronawirusa garşy alnyp barylýan çäreleriň çäginde gitdigiçe has köp adam girdejisiz galýar. Dynç alyş, sport desgalaryň, hususy kärhanalaryň ýapylmagyndan daşary, döwlet edaralarynyň işgärleri aýlyksyz dynç alyşa ugradylýar.

"Aeroportda ýük daşaýjy bilen gepleşdim, ol bir ýarym aýlyk tölegsiz dynç alyşa ugratjak bolýandyklaryny aýtdy. Reýsler ýok, iş ýok" - diýip, habarçymyz gürrüň berdi. Munuň öňüsyrasynda haklara resýlerinde işleýän işgärleriň bir aý möhlet bilen dynç alyşa ugradylandygy mälim boldy.

Sol bir wagtda-da, Türkmenistanyň döwlet habar serişdeleri koronawirus bilen baglylykda görülýän çäreler barada habar berip başladylar. Mundan öň döwlet media serişdelerinde koronawirus temasy düýpden gozgalmandy.

Lebap welaýatynyň Jeýhun news onlaýn neşrinde çap bolan maglumatda, iri ýaşaýyş nokatlarda, sol sanda Aşgabadyň daşynda goşmaça gözegçilik punktlaryň döredilendigi, awtoulag sürüjileriň we ýolagçylaryň gyzgynynyň barlanýandygy, metbugatyň BSG we UNISEF çagalar fondy ýaly halkara guramalarynyň rekomendasiýalaryny çap edýändigi, mekdeplerde çagalara arassaçylygyň wagyz edilýändigi, elleri sabyn bilen ýuwmagyň ähmiýeti barada düşündirilýändigi, 20-nji aprele çenli daşary ýurtlularyň serhetden geçmeginiň çäklendirilendigi aýdylýar. Şeýle-de, maglumatda ýokanç keseller boýunça milli komitetiň ýygy-ýygydan maslahat geçirýändigi habar berilýär.

Türkmen döwlet habarlar gullugy bolsa, daşarda galan raýatlary ýurda getirmegi guramalaşdyrmak boýunça işleriň dowam etdirilýändigini habar berýär.

25-nji martda çap bolan maglumatda «Türkmenhowaýollarynyň» Hytaýdaky epidemiýanyň başyndan öz raýatlaryny döwletiň hasabyna getirip başlandygy we bu işde Türkmenistanyň öňde bolan ýurtlaryň biridigi habar berildi. Maglumata görä, Türkmenistan Hytaýa birnäçe çarter reýslerini gurnap, müňlerçe türkmenistanlyny getiripdir. Soňra türkmen raýatlaryny getirmek üçin ýörite reýsleri Türkiýä, Orsýete we Belarusa guramalaşdyrypdyr.

Ýatlatsak, Hytaýda epidemiýa geçen ýylyň aýagynda döredi, "Türkmenhowaýollary" öz adaty reýslerini fewralyň başynda ýatyrdy we şondan soň studentleri getirmek üçin birnäçe reýs guraldy.

Şu günki gün türkmen raýatlarynyň ençemesi ýurduň daşynda kömege mätäç galýar.

"Türkmenistanyň raýatlaryna watana dolanmaga kömek beriň, olar Moskwada galýarlar we olar bilen hiç kimiň işi ýok. Ilçihana bardyk, jaň etdik, hiç kim gapylary açmaýar, jaňlara jogap bermeýär, adamlar alasarmyk ýagdaýda, Kömek bermäge we ýagdaýy düşündirmäge borçly bolan ilçihana gizlenýän bolsa, onda ýene nirä ýüzlenmeli. Türkmen raýatlary 18-nji martdan bäri Domodedowo aeroportunda galýar, köpüsiniň gün görmäge serişdesi ýok, emma munuň bilen hiç kimiň işi ýok ýaly, ýene nireden kömek soramaly" diýip, 26-njy martda Azatlyk Radiosyna gelen hatlaryň birinde aýdylýar.

Türkmenistanyň ýurduň daşynda galan öz raýatlaryna nähili kömek edýändigini anyklamak üçin Moskwadaky ilçihanana jaň etdik. Ilçihananyň soňky günlerde döreden gyzgyn liniýasynda Azatlyga maglumat bermekden ýüz öwürdiler, munuň žurnalistler üçin däl-de eýsem diňe türkmen raýatlary üçin niýetlenýändigini düşündirdiler. Emma Azatlygyň habarçysynyň soňra adaty raýat hökmünde eden jaňyna jogap beren işgär öňünden satyn alnan bileti bolmadyk adamlara kömek berilmeýändigini aýtdy we hatda gürrüň etmek hem islemedi.

Şu günler Moskwada müňlerçe merkezi aziýaly koronawirusyň global pandemiýasy sebäpli howa gatnawynyň ýatyrylmagy zerarly öz ýurtlaryna dolanyp bilmän kösenýär. Deňeşdirme üçin aýdylsa, Özbegistan we Täjigistan soňky günlerde ýörite uçarlar bilen ýüzlerçe raýatyny Orsýetden alyp gaýtdy. Mundan daşary Özbegistanyň ilçihanasy aeroportda oturan raýatlaryny azyk bilen üpjün etmek boýunça käbir çäreleri guramalaşdyrdy.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG