Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

BMG-niň baş sekretary: Koronawirus Ikinji jahan urşundan soňky iň uly global krizis


BMG-niň baş sekretary Antonio Guterres (arhiw suraty)

BMG-niň baş sekretary Antonio Guterres koronawirus pandemiýasyny Ikinji jahan urşundan soň dünýäniň ýüzbe-ýüz bolup duran iň uly kynçylygy hökmünde häsiýetlendirdi. Ol dünýäniň ähli ýurdundaky adamlara howp abandyrýan bu pandemiýanyň “soňky döwürde deňeşdirip bolmajak derejedäki” çökgünlige getirip biljekdigini hem duýdurdy.

Guterres bu barada 31-nji martda, COVID-19 wirusynyň jemgyýetçilik-ykdysady pudagyna ýetirjek täsiri baradaky hasabatyň çap edilen gününde çykyş etdi.

Hasabatda koronawirusyň, şeýle-de oňa garşy görülýän saglyk çäreleriniň netijesinde dörejek ykdysady ýagdaýlaryň “artan durnuksyzlyga, artan tolgunlyşyklara we artan konfliktlere” getirip biljekdigi bellenilýär.

Bu aralykda,Hytaýda tertip dört gün dowam eden aşaklamadan soňra, koronawirusa täze ýoluganlar ýüze çykaryldy, şeýle-de pandemiýa sebäpli dünýäde heläk bolanlaryň sany artdy.

Hytaý wirusa täze ýoluganlaryň ählisiniň daşardan gelendigini aýtdy.

Jon Hopkins Uniwersitetiniň 31-nji martdaky maglumatlaryna laýyklykda, dünýä boýunça COVID-19 wirusyndan 40 müň 700-den hem aşa adam öldi. Wirusa ýokuşanlaryň sany 826 müňden aşdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG