Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Russiýadan satyn alnan lukmançylyk enjamlarynyň gelendigini tassyklaýar


Rus howa giňişligi güýçleriniň lukmançylyk enjamlaryny daşaýan uçary John F. Kennedy halkara aeroportuna gondy. 1-nji aprel, 2020-nji ýyl. Nýu-Ýork

Birleşen Ştatlary şu hepdäniň başynda prezident Donald Tramp bilen Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň arasynda geçirilen telefon söhbetdeşliginiň yzýany Russiýadan satan alnan lukmançylyk enjamlaryny daşaýan uçaryň gelendigini tassyklady.

Agzaýan lukmançylyk enjamlary, şol sanda koronawirus pandemiýasyna garşy göreşmek üçin zerur bolan howa geçirijileri we şahsy gorag enjamlary 1-nji aprelde Nýu-Ýorkdaky ABŞ-nyň Adatdan daşary ýagdaýlary dolandyryş gullugyna gowşuryldy diýip, ABŞ-nyň Döwlet departamenti beýanat ýaýratdy.

Metbugat wekili Morgan Ortagus bu söwdany Tramp bilen Putiniň arasynda 30-njy martda geçirilen telefon jaňynyň “dowamy” häsiýetlendirdi hem-de geçmişdäki krizis döwürlerinde bu iki ýurduň birek-birege ynsanperwerlik ýardamyny berendigini we “munuň geljekde-de dowam etdiriljekdigini” aýtdy.

Onuň beýanatynda Birleşen Ştatlaryň enjamlar üçin Russiýa tölän töleginiň möçberi aýdylmaýar, şeýle-de onda Russiýanyň ýardamlardan ýurt içinde Putini güýçlendirmek üçin, ýurt daşynda galp maglumat, propaganda we gorky döretmek üçin peýdalanýandygyny duýdurýan Moskwa tankytçylaryna gönüden-göni ýüzlenilmeýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG