Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan hökümeti we Talyban topary Kabulda tussag alyşmagy maslahat edi


Kabulyň Pul-e-Çarhi türmesinde saklanýan Talyban tussaglary
Kabulyň Pul-e-Çarhi türmesinde saklanýan Talyban tussaglary

Owgan hökümetiniň agzalary fewralyň ahyrynda Talyban bilen Birleşen Ştatlaryň arasynda gol çekilen parahatçylyk ylalaşygynyň çäginde tussag alyşmagy maslahat etmek üçin Kabulda üç agzaly Talyban topary bilen duşuşdy.

Munuň bilen Talyban 2001-nji ýylyň noýabrynda ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky güýçler tarapyndan häkimiýetden çetledilenden bäri geçen wagtyň dowamynda resmi Talyban wekiliýeti ilkinji gezek Owganystanyň paýtagtynda bolýar.

Iki tarap 31-nji martda “ýüzbe-ýüz” gepleşik geçirdi hem-de Halkara Gyzyl Haç guramasynyň seredýän beýleki meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin 1-nji aprelde ýene duşuşýar diýip, Owganystanyň Milli howpsuzlyk geňeşiniň metbugat wekili Jawid Faýsal twit ýazdy.

Talybanyň metbugat wekili Zabihullah Mujahid wekiliýetiň tussag boşatmak hem-de azat edilenleriň saglyk barlagy babatynda hökümet resmileri bilen tehniki gepleşikleri geçirýändigini aýtdy.

Mujahid tussaglykdaky 100 Talyban söweşijisiniň “ilkinji boşadyşlykda goýberiljekdigini” aýtdy. Meýilleşdirilýän tussag alyşygy Birleşen Ştatlary bilen Talybanyň arasynda 29-njy fewalda Dohada gol çekilen ylalaşygyň çäginde amala aşyrylýar.

Ylalaşyk resmi gepleşikleriň öňýany owgan hökümetini ynam döretmek üçin 5 müň Talyban söweşijisini boşatmaga çagyrýar.

Talyban özünde saklaýan owgan hökümetiniň 1 müň harbysyny we raýat gullukçysyny boşatmagy wada berdi.

XS
SM
MD
LG