Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda bir hepde arakesmeden soň "Ahal" ýagy gaýtadan satuwa çykaryldy


Türkmenistanda azyk nobaty

Türkmen häkimiýetleri ykdysady kynçylyklaryň ýitileşmegi bilen döwlet dükanlarynda azyk harytlarynyň satuwyny yzygiderli çäklendirýärler. Aşgabadyň döwlet dükanlarynyň käbirinde her iki günde bir gezek çäkli möçberde satylan "Ahal" ýagy indi bir hepde arakesmeden soň gaýtadan satuwa çykaryldy.

Azatlyk Radiosynyň bu barada habar berýän paýtagtly habarçysy 8-nji aprelde "Teke", "Azatlyk" we "Jennet" bazarlarynda "Ahal" ösümlik ýagynyň satylandygyny, ýöne onuň nobatdaky adamlaryň dörtden bir bölegine hem ýetmändigini aýtdy.

"Ýagyň satyljakdygyny eşiden adamlar maşgala agzalary bilen bilelikde nobata durup başladylar. Nobat üç-dört hatarda 30 metre çenli uzap gidýär. Ýöne satuwa çykarylan ýag nobatdaky adamlaryň diňe 30-40 sanysyna ýetdi" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy gürrüň berdi.

Ol ýag gytçylygyndan kösenýän ilatyň arasynda dawa-jenjelleriň hem ýüze çykýandygyny, olary nobatdaky beýleki adamlaryň ýa-da olara gözegçilik edýän polisiýa işgärleriniň köşeşdirýändigini hem belledi.

Onuň sözüne görä, her adama 1 litr "Ahal" ýagy satyldy, ýöne alyjylar onuň ýany bilen ýaramlylyk möhleti geçen ýa-da zaýalanan ýer almasy, makaron, nohut, keks, "Merinda" we gazsyz suw ýaly käbir azyk harytlaryny hem satyn almaga mejbur edildi.

"Bu harytlary almadyk adamlara ýag satylmaýar. Şeýlelikde, adamlar 1 litr ýag üçin 15 manat we mysal üçin, 250 ml "Mirinda" suwy üçin 6 manat tölemeli boldular" diýip, habarçy belledi.

Bu aralykda, "Turkmen.news" neşiri hem özüniň ýurt içindäki çeşmelerine salgylanyp, 7-nji aprelde çap eden habarynda Aşgabadyň döwlet dükanlarynyň tekjelerinde gyt haryda öwrülen ösümlik ýagynyň gaýtadan peýda bolandygyny habar berdi.

"6-njy aprelde dükanlarda Russiýanyň "Zolotaýa korona" atly ýagy satylyp başlandy. Ýöne her adama iki litr ýag satyldy. Ýagyň bir gutusy 13 manada barabar. Mundan bir hepde öň Russiýanyň "Oleýna" ýagy satuwa çykarylypdy. Bazarda we hususy söwda dükanlarynda bu ýag 25 manatdan bahalanýar" diýip, neşir belleýär.

Neşir ýagdan başga-da bananyň, mandariniň we almanyň hem satuwa çykarylandygyny, ýöne 1 kilogramy 6 manatdan bahalanýan bu azyk önümleriniň tölegleriniň diňe bank kartlary boýunça kabul edilýändigini belledi.

Türkmenistanda bankomatlarda pul nagtlaşdyrmak bilen bagly problemalar saklanyp galýan mahaly, soňky günlerde döwlet dükanlarynda ozal bar bolan çäkli nagt däl hasaplaşyk mümkinçilikleriniň hem barha azaldylýandygy habar berilýär.

Azatlygyň habarçylary 6-njy aprelde Aşgabadyň we 7-nji aprelde Marynyň ençeme döwlet dükanynyň bank kartlaryny kabul etmegi bes edendigini aýtdylar.

"Turkmen.news" neşiri käbir döwlet dükanlarynda we dermanhanalarda bank kartlary boýunça çäkli nagt däl tölegini amal edip bolýandygyny aýdyp, bu möçberiň 80 manatdan geçmeli däldigini belleýär.

"Adamlar şu möçberdäki nagt däl hasaplaşygy diňe 48 sagat geçenden soň gaýtadan edip bilýärler" diýip, neşir belleýär.

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň, bankomatlarda nagt ýetmezçiliginiň we azyk gytçylygynyň ýitileşmegi, global nebit bahalarynyň aşaklamagynyň, koronawirus pandemiýasynyň fonunda türkmen gazynyň esasy alyjysy "PetroChina" kompaniýasynyň ýurda import edýän tebigy gazynyň möçberini azaldýandygyny yglan etmeginiň yzýanyna gabat geldi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG