Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda gar ýagdy


Aşgabatda gar ýagdy, 8-nji aprel, 2020

Türkmenistanda 8-nji aprelde gar ýagdy. Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň sözlerine görä, hususan-da paýtagtda gar günüň başynda ýagypdyr we soňra eräpdir.

Aşgabatda gar ýagdy, 8-nji aprel, 2020
Aşgabatda gar ýagdy, 8-nji aprel, 2020

"Ir ertirden başlap güýçli gar ýagdy. şäherde howa +3 boldy we gar saklanyp galmady" diýip, habarçylarymyzyň biri aýdýar.

Onuň sözlerine görä, ýagan gar paýtagtdan günorta tarapda Köpetdagyň eteginde entek saklanýar.

Bahar gary Ahal we Mary welaýatlarynda ýagypdyr.

Azatlygyň habarçylary aprelde ýagan bu garyň garaşylmadyk we täsin ýagdaý bolsa-da şäheriň durmuşyna uly täsir ýetirmändir.

"Onuň täsiri bolmady, ýöne adaty däl bir ýagdaý boldy. Garlar iridi, owadandy. Bolmadyk ýaly gurap galdy" - diýip, habarçymyz belleýär.

Aşgabatda gar ýagdy, 8-nji aprel, 2020
Aşgabatda gar ýagdy, 8-nji aprel, 2020

Baharyň ortasynda garyň ýagmagy güneşli we gurak howaly Türkmenistan üçin mahsus bolmadyk bir ýagdaýdyr.

Aprel aýynda ýurduň howasy adatça ortaça +22 gradusa barabar bolýar. .

Türkmenistanda garyň we ýagyşyň esasy bölegi dekabr we mart aralygynda ýagýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG