Human Rights Watch guramasyna görä, BMG-niň Özbegistanda adam hukuklarynyň ýagdaýy boýunça syny tussaghanalardaky yzygiderli gynamalara we esasy azatlyklaryň çäklendirilmegine alada bildirýär.
BMG-nyň Adam hukuklary komitetiniň gelen netijeleri ýurtda wada berlen reformalaryň köpüsiniň heniz amala aşyrylmandygyny görkezýär diýip, hukuk goraýjy gurama 8-nji aprelde ýaýradan habarynda aýtdy.
Şeýle hem, BMG syny Özbegistanyň “adam hukuklary gaty pes awtoritar ýurt bolmagynda” galýandygyny görkezýär diýip, HRW guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça direktory Hugh Williamson aýtdy.
Geçen hepde BMG-nyň Adam hukuklary komiteti Özbegistanda Raýat we syýasy azatlyklar boýunça halkara ylalaşygyň berjaý edilişi barada syn çap etdi.
Prezident Şawkat Mirziýoýew 2016-njy ýylda häkimiýet başyna geleli bäri reformalary durmuşa geçirmek üçin çäreleri gördi. Ýöne hukuk goraýjy guramalar Özbegistandaky ýagdaýlara alada bildirip gelýär.
Adam hukuklary komiteti Özbegistanda “azatlykdan mahrum edilen adamlaryň gynalmagyna we olara zulum edilmegine, şeýle-de din-wyždan azatlygynyň, söz-beýan azatlygynyň, ýygnanyşmak azatlygynyň çäklendirilmegine” alada bildirdi.
Ýöne hukuk komiteti ýurtda korrupsiýa garşy göreşmekde, aýallara garşy zorlugyň öňüni almakda, kazyýet reformalaryny durmuşa geçirmekde hem-de pagtaçylyk pudagynda çaga we mejbury zähmeti ýok etmekde öňegidişlikleriň bardygyny aýtdy.