Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp BSG-a maliýe goldawyny azaldyp biljekdigini aýdýan wagty Pompeo pandemiýa garşy ABŞ-nyň daşary ýurtlara berjek kömegini taryplaýar


ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo
ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo

ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo, käbir ýaranlar Waşingtonyň öz zerurlyklary üçin enjam satyn almak taktikalaryna hem-de pandemiýa wagtynda sanksiýalary gowşatmaýandygyna alada bildirýän-de bolsalar, täze koronawirusa garşy göreş üçin daşary ýurtlara ýardam bermekde Birleşen Ştatlaryň başy çekjekdigini aýtdy.

Pompeonyň bu sözleri prezident Donald Trampyň Bütindünýä Saglyk Guramasy üçin serişdeleri azaldyp biljekdigini aýtmagyndan bir gün soňa gabat geldi.

“Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň etjek kömegi ýaly kömek etjek, ýardam üpjün etjek başga ýurt dünýäde ýok” diýip, Pompeo 8-nji aprelde ýewropa media serişdeleri bilen telefon söhbetdeşliginde aýtdy.

“Dünýä krizisden çykýan wagty Amerikanyň mümkinçilikleriniň we liderliginiň ähli görnüşleri sergilener” diýip, ol aýtdy.

COVID-19 Birleşen Ştatlara agyr zarba urdy, sanlyja hepdäniň içinde ýurtda kesel bilen hasaba alnanlaryň sany 400 müň adamdan geçdi, bu san Ýewropanyň islendik ýurdundaky sanlaryň iki essesinden köpdür.

Birden ýokarlanan sanlar, tankytçylara görä Tramp administrasiýasynyň kesele beren ýuwaş gaýtawuly bilen bileleşip, Birleşen Ştatlaryň hassahanalarynda howa çalşyjy enjamlaryň hem-de şahsy gorak serişdeleriniň ýetmezçiligine alyp geldi.

Bu administrasiýany başga ýurtlardan goşmaça üpjünçilik gözlemäge mejbur etdi, ol käte ýaranlar bilen bäsdeşmeli boldy.

XS
SM
MD
LG