Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Oksfam koronawirus krizisiniň ýarym milliard adamy garyplyga salyp biljekdigini duýdurýar


Sahawat guramasy hasabat çap edip, “baý ýurtlar” krizis döwründe öz ykdysadyýetlerini goldamak üçin trillionlap dollar serişde jemläp bilýändiklerini görkezdiler diýdi.

Halkara kömek topary bolan “Oxfam” dünýä liderlerini koronawirus pandemiýasy sebäpli ýarym miliard çemesi adamyň garyplyga düşmeginiň öňüni almak üçin köptaraply ykdysady halas ediş planlaryny işläp düzmäge çagyrýar.

Sahawatlylyk guramasy 9-njy aprelde hasabat çap edip, “baý ýurtlar” krizis döwründe öz ykdysadyýetlerini goldamak üçin trillionlap dollar serişde jemläp bilýändiklerini görkezdiler, olar garyp ýurtlar babatynda hem şeýle etmeli diýdi.

Oksfam Halkara Walýuta Gaznasynyň, Bütindünýä Bankynyň we G20 ministrleriniň indiki hepde geçiriljek mejlisleriniň öňüsyrasynda, BMG "Ösüp barýan ýurtlary pandemiýa şertlerinde goldamak üçin beriljek 2,5 trillion dollardan başga, goşmaça ýene 500 milliard dollar daşary ýurt kömeginiň gerek boljakdygyny” çaklaýar diýdi.

Hasaplamalara görä, "global garyplyk derejesi 1990-njy ýyldan bäri ilkinji gezek ýokary galyp biler" diýip, Oksfam bu hili ýokarlanmanyň käbir sebitleri "30 ýyl mundan ozal hasaba alnanlaryňka meňzeş" garyplyk derejesine düşürip biljekdigini hem sözüne goşdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG