Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Krizis sebäpli diňe ýaşaýyş-durmuş ähmiýetli gurluşyklary goldan Berdimuhamedow oteliň we beýleki toplumlaryň gurluşygy bilen tanyşdy


Turkmenistan. President Gurbanguly Berdimuhamedov inspects the construction objects in Ashgabat.
Turkmenistan. President Gurbanguly Berdimuhamedov inspects the construction objects in Ashgabat.

9-njy aprelde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň iri gurluşyk meýdançalarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär.

Prezidentiň gurluşyk toplumlary boýunça geçiren iş sapary onuň global ykdysady ýagdaýlar sebäpli käbir desgalaryň gurluşygyny yza süýşürmek teklibiniň yzýanyna gabat geldi. 3-nji aprelde geçiren hökümet mejlisinde prezident Berdimuhamedow “dünýä ykdysadyýetinde emele gelen ýagdaý bilen baglylykda, gurluşygy meýilleşdirilen ähli desgalara gaýtadan seretmegi we diňe ýaşaýyş-durmuş ähmiýetli zerur desgalary saýlap almagy” tabşyrypdy.

Penşenbe güni Berdimuhamedow, tankytçylara görä, ýaşaýyş-durmuş ähmiýeti sorag astyndaky käbir binalar toplumlarynyň gurluşygy bilen tanyşdy. Olaryň hatarynda Aşgabadyň günorta künjeginde gurulýan Halk Maslahatynyň Diwanynyň binalar toplumy, Türkmenistanyň Maslahatlar merkezi, “Arkadag” myhmanhanasy we Hökümet münberiniň binasy bar. Bu desgalaryň ählisiniň gurluşygyny Fransiýanyň “Buig” kompaniýasy ýerine ýetirýär.

Prezidentiň iş saparyna ýurduň gurluşyk pudagyna gözegçilik edýän wise-premýer Şamuhammet Durdylyýew, senagat we gurluşyk önümçiligi ministri, şol sanda prezidentiň ogly Serdar Berdimuhamedow, daşary işler ministri Reşit Meredow we beýleki käbir resmiler gatnaşdy.

Döwlet metbugaty alnyp barylýan iri gurluşyklaryň bahasy barada maglumat bermeýär.

“Buig” kompaniýasy şu wagta çenli Aşgabatda köpmilliardlyk ençeme gurluşyk taslamalaryny ýerine ýetirdi. Olaryň hatarynda Çandybil şaýolunyň ugrunda ýerleşýän “Türkmenbaşy” täjirçilik bankynyň binasy, “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň binasy, birnäçe myhmanhana we beýleki dolandyryş maksatly binalar bar.

Kompaniýanyň ýerine ýetirmeginde gurluşygy dowam edýän binalaryň hatarynda “Arkadag” myhmanhanasy bar. Berdimuhamedow bu ýerde alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen hem tanyş boldy. Çandybil we Arçabil şaýollarynyň arasynda ýerleşýän oteliň düzümine Işewürlik merkezi, Apart otel, gidropark, 725 metrlik derýa, emeli köl, açyk howuz, çüwdürimler, tomusky restoran we kafe girýär.

Bellemeli ýeri, bu gurluşyklar ýurduň iň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýän wagty gurulýar. Galyberse-de, global pandemiýa sebäpli ykdysatçylara görä dünýä ykdysadyýetinde pese gaçyşlyk çaklanýar.

Prezident Berdimuhamedow 3-nji aprelde geçiren hökümet maslahatynda bu ýagdaý bilen ylalaşýandygyny tassyklap şeýle diýdi:

“Häzirki döwürde dünýäde örän çylşyrymly ýagdaýlaryň bolup geçýär. Dürli derejeli agentlikleriň halkara bilermenleri şu ýyl dünýä ykdysadyýetiniň ählumumy derejede pese düşmegini çaklaýarlar. Koronawirusyň ýaýramagynyň dünýä ykdysadyýetine zyýanly täsir edýändigini belleýärler” diýip, Berdimuhamedow aýtdy.

Ýöne muňa garamazdan, galyberse-de ykdysady krizisiň fonunda ýurtda iri desgalaryň gurluşygy dowam edýär.

Türkmenistanyň iň esasy girdeji çeşmesi onuň ýangyç-energetika pudagydyr. Martyň başynda ýurduň iň esasy tebigy gaz alyjysy Hytaý gaz importlary boýunça fors mažor yglan etdi.

Azat Adalga: Fors mažor
please wait
Embed

No media source currently available

0:00 0:02:08 0:00

Hytaýyň statistika maglumatlaryna görä, ýanwar we fewral aýlarynda ýurduň Türkmenistandan edýän importlary öňküsinden 17 prosent pese gaçdy. Bu görkeziji ýurduň heniz importlary azaltmagy yglan etmezinden ozalky döwre degişli sanlardyr.

Türkmen prezidentiniň paýtagtyň iri gurluşyk meýdançalaryna eden iş sapary ýurduň hususy gurluşyk kompaniýalarynyň ykdysady kynçylyklar sebäpli işgär sanyny kemeldýän wagtyna gabat geldi.

3-nji aprelde Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýurtdaky gurluşyk kompaniýalarynyň tas ählisiniň diýen ýaly, girdeji ýetmezçiligi we işçileriň aýlyklaryny wagtyna tölemäge mümkinçiligiň ýokdugy sebäpli ştat sanlaryny kemeltmäge mejbur galandygyny habar berdi.

“Türkmen gurluşyk kärhanalarynyň diňe biri 700 işgärini boşatmaly boldy” diýip, habarçy maglumatynyň üstüni ýetirdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG