Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gurluşyk kärhanalary ýüzläp işgär sanyny kemeldýär


Işgärleriň käbiri iş orunlaryny ýitirmejek bolup, tölegsiz dynç alyşa çykmaga hem razy bolýarlar.
Işgärleriň käbiri iş orunlaryny ýitirmejek bolup, tölegsiz dynç alyşa çykmaga hem razy bolýarlar.

Türkmenistanda, ýitileşýän krizisiň we hususy telekeçilige girizilýän çäklendirmeleriň arasynda, döwlet edaralary bilen birlikde, hususy kärhanalar hem köpçülikleýin ýagdaýda işgär sanyny kemeltmäge başlady.

Munuň häzirki gün has hem köp gurluşyk pudagynda işleýän kompaniýalarda duýulýandygy bellenilýär.

“Ýurtdaky gurluşyk kärhanalarynyň tas ählisi ählisi diýen ýaly, girdejileriniň ýokdugy we işgärleriniň aýlyklaryny wagtynda töläp bilmeýändigi sebäpli, ştat sanyny kemeltmäge mejbur galdy. Türkmen gurluşyk kärhanalarynyň diňe biri 700 işgärini boşatmaly boldy” diýip, Azatlygyň gurluşyk pudagyndaky ýagdaýlardan habarly bir çeşmesi 3-nji aprelde maglumat berdi.

Munuň bilen birlikde, işgärleriň käbiri iş orunlaryny ýitirmejek bolup, tölegsiz dynç alyşa çykmaga hem razy bolupdyrlar.

Azatlygyň çeşmesi iş orunlary kemeldilýän türkmen gurluşyk firmalarynyň anyk atlaryny berse-de, bu kärhanalardan kommentariýa almak başartmandygy sebäpli, olary çap etmekden saklanýarys.


Türkmenistanda eýýäm ençeme wagtdan bäri dowam edip gelýän maliýe krizisi, häkimiýetleriň koronawirusyň ýaýramagyna garşy alyp barýan çäreleriniň fonunda has-da ýaramazlaşdy. Soňky maglumatlarda telekeçileriň indi bank hasaplaryndaky pullaryny hem nagtlaşdyryp bilmeýändigi nygtalýar. Bularyň netijesinde käbir, şol sanda azyk öndüriji kärhanalaryň hem ençemesi işlerini dolulygyna togtatmaly boldular.

Şol bir wagtda, dünýäde koronawirus pandemiýasynyň fonunda käbir döwletleriň telekeçiligi goldamak üçin ýeňillikleri hödürleýän pursady, türkmen häkimiýetleri bu ugurda nähilidir bir çäreleriň görülýändigi barada maglumat bermeýärler.

Geçen hepde prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň söwdany we telekeçiligi ösdürmek boýunça diýen kesgitleme bilen geçiren iş maslahatynda hem bu barada hiç zat aýdylmady.


Muňa derek maslahata gatnaşan resmiler, adatça bolşy ýaly, ýerlerdäki hakyky ýagdaýy açmakdan saklanyp, hemme zadyň gülala-güllükdigini ynandyrmaga çalyşdylar.

24-nji martda geçirilen maslahatda şu ýylda gurluşygy tamamlanmaly desgalary bellenilen möhletinde tabşyrmak boýunça gözegçilik işleriniň geçirilýändigi hem aýdyldy.

Bu aralykda, hususy kärhanalar bilen bir wagtda, Aşgabadyň ýörite görkezmesi esasynda döwlet edara-kärhanalarynda hem köpçülikleýin ýagdaýda iş orunlary kemeldilýär.

Azatlygyň ýurduň dürli künjeklerindäki habarçylarynyň tassyklaýşy ýaly, häzirki pursat döwlet edara-kärhanalarynyň ençemesinde müňlerçe işgäri boşatmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu çäreler şu ýylyň başyndan bäri has ýygjamlaşdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär

XS
SM
MD
LG