Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystandaky ADÝ 'azyndan' apreliň aýagyna çenli uzaldylar


Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew

Gazagystanda koronawirus pandemiýasy sebäpli girizilen adatdan daşary ýagdaýlaryň(ADÝ) möhleti “azyndan” apreliň aýagyna çenli uzaldylar diýip, prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň metbugat wekili Berik Uali döwlet komissiýasynyň mejlisinden soň öz feýsbuk sahypasynda habar berdi.

Uali Tokaýewiň sözlerine salgylanyp, onuň paýtagtda, Almatyda we Çimkentde karantin düzgünini uzaltmagy “tabşyrandygyny”, wirus hünärmenleriniň maslahatlary esasynda, “karantini, özüňi izolirlemegi dowam etdirmekden başga alaç ýok” diýendigini aýtdy.

Gazagystandaky ADÝ düzgüni 16-njy matdan bäri işleýär. 19-njy martda ýurduň iň uly iki şäheri, Nur-Soltan we Almaty karantin astynda ýapylmaly edildi. Soňra karantin düzgünleri beýleki regionlarda hem girizildi.

Ýurtda COVID-19 ýokuşan adamlar barada ilkinji gezek 13-nji martda habar berildi.

Häzir bu keseliň 800-den gowrak adama ýokuşandygy, ondan 9 adamyň ölendigi tassyklandy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG