Türkmenistan, dünýädäki koronawirus pandemiýasyna garamazdan, janköýerlere oýunlara gatnaşmaga rugsat bermek bilen, ozal togtadan professional futbol möwsümini 19-njy aprelde dikeltmegi planlaşdyrýar.
Ýurduň sekiz topardan ybarat professional ligasy 24-nji martda, pandemiýa sebäpli, nobatdaky futbol möwsümini togtatdy.
Berk gözegçilik astynda saklanylýan awtoritar ýurtda koronawirus ýokaşmasy resmi taýdan hasaba alynmady we soňky günlerde ençeme köpçülikleýin sport çäresi geçirildi.
Türkmenistan dünýä ýüzünde Belarus, Täjigistan, Nikaragua we Burundi ýaly, pandemiýa döwründe futbol oýunlaryny geçirmegi dowam etdirýän az sanly ýurduň biri bolup durýar.
Jon Hopkins uniwersitetiniň 10-njy aprelde beren habaryna görä, dünýäde 1,6 milliondan gowrak adama koronawirus ýokaşdy we ondan 100 müňden gowrak adam öldi.
«Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisi goňşy Garagalpagystan awtonom respublikasynda bolan tolgunyşyklaryň yz ýanyna gabat geldi.» Meniň tankyda bolmaýan dostlarym! Bir zada düşüniň. Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşi her aýyň başynda geçirilýär. Bu gezek bolsa, alty aýyň jemine bagyşlanylyp geçildi. Bärde siziň öz ýanyňyzdan oýlap tapýan «Garagalpagystan awtonom respublikasynda bolan tolgunyşyklaryň yz ýanyna gabat geldi.» diýýän zadyňyz tasa gelenok. Ondan, beýle köpbilmiş bolsaňyz, ne sebäpden ýokary derejeli iki howpsuzlyk resmisine käýinç yglan edilenini aýdyň. Bize şol gyzykly. TDH-nyň materialyny eýläk-beýläk sözlerini üýtgedip, copy paste edeniňiz gyzykly däl,
TM-da in gimmat mal bazar Ashabat, 20 kg goyun 1,200 m shu gunki baha, welayatlarda arzan bolyar. Balkandaki habarjini kэyinj berin, nэdogri maglumat