Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

YÖB Özbegistana täze hassahanany enjamlaşdyrmak üçin $17 mln goýberýär


Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew YÖB-niň prezidenti Bandar Hajar bilen.
Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew YÖB-niň prezidenti Bandar Hajar bilen.

Yslam ösüş banky (YÖB) Özbegistanda koronawirusa garşy göreş üçin gurulýan täze hassahananyň maliýeleşdirilmegi we enjamlarynyň gyssagly ýagdaýda satyn alynmagy üçin 17 million dollar möçberinde maliýe serişdesini goýberýär.

Özbegistanyň Maýa goýumlary we daşary söwda ministrliginiň metbugat gullugynyň habaryna görä, bu serişdeler YÖB-nyň Özbegistandaky häzirki karz bukjasynyň hasabyna bölünip berildi.

Bu baradaky ylalaşyk 8-nji aprelde, Özbegistanyň wise-premýeri, maýa goýumlary we daşary söwda ministri Sardor Umruzakow bilen Yslam ösüş bankynyň prezidenti Bandar Hajaryň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly guralan maslahat wagtynda gazanyldy.

Wideomaslahat netijesinde taraplar saglygy goraýyş ulgamynyň zerurlyklary, Özbegistandaky kiçi we orta kärhanalara goldaw bermek üçin, YÖB-nyň umumy bahasy 140 million dollardan gowrak bolan goşmaça maliýeleşdirmelerini işläp düzmek hakynda ylalaşdylar.

XS
SM
MD
LG