Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Koronawirus çäreleri Pasha baýramçylygynyň dowamynda güýçlendi


illýustrasiýa suraty
illýustrasiýa suraty

Ýewropa ýurtlarynyň hökümetleri hristian pasha baýramçylygynyň dowamynda syýahatçylygy çäklendirmek üçin 13-nji aprelde köçe gözegçiligi, jerime we beýleki çäreleri amala aşyrýarlar.

Bu çäreler dünýäniň 1,3 milliard katolik hristianlaryň Pasha ýekşenbesini bellemeginden soň heläkçilikli koronawirusyň ýaýramagyny haýallatmak üçin edilýän işleriň dowamynda amala aşyrylýar.

Johns Hopkins Uniwersitetiniň 13-nji aprelde irden ýaýradan maglumatyna görä, dünýäde 1.85 million adam COVID-19 keseli bilen hasaba alnypdyr, 114 müň adam ýogalypdyr.

Kesellänleriň we ýogalanlaryň hakyky sanynyň has ýokarydygy çak edilýär.

Sanlaryň nätakyklygy hasaplamak usullarynyň dürlüligi we käbir hökümetleriň sanlary bilkastlaýyn ýaşyrmagy bilen düşündirilýär.

Geçen dynç günlerinde koronawirus bilen kesellänleriň sany boýunça iň uly ejir çeken ýurdy ABŞ boldy.

Johns Hopkins Uniwersitetiniň 13-nji aprelde beren sanlaryna görä, ABŞ-da COVID-19 ýokaşan 556 müň adam hasaba alnypdyr, 22 müň adam ýogalypdyr.

XS
SM
MD
LG