Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Orsýetde COVID-19 bilen kesellänleriň sany 18 müňden aşdy


Dezinfeksiýa çäresi, Moskwa, 13-nji aprel, 2020

Orsýet 13-nji aprelde COVID-19 keseli bilen täze hasaba alnanlaryň sanyny 2 558 adam bolup, jemi sanyň 18 328 adama ýetendigini mälim etdi.

Orsýetiň koronawirusa garşy göreş boýunça gullugynyň maglumatyna görä, ýogalanlaryň sany 18 adamdan 148 adama ýetipdir.

Bu resmi sanlara Orsýetiň özünde we daşynda şübheli garalýar, ýurduň saglyk resmileriniň hakyky sanlary hasaplamaýandygy çak edilýär.

COVID-19 bilen kesellänleriň täze sanlary keselçiligiň ýaýramagyny saklamak üçin Pasha baýramçylygynda ybadathanalarda geçirilýän dini çärelerine çäklendirme girizýändigini yglan etmeginiň yzýanyna gabat geldi.

Orsýetiň Prawoslaw kilisesi ortodoks hristianlaryň şu ýyl 19-njy aprelde geçirýän Pasha baýramçylygynda ybadathanalaryň uly toparlar üçin gapylaryny ýapmagy tabşyrdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG