Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Owganystandaky ýesir çalyşygyny parahatçylyga tarap 'möhüm ädim' atlandyrdy


ABŞ-nyň Owganystan boýunça ilçisi Zalmaý Halilzad

ABŞ-nyň Owganystan boýunça ilçisi we "Talyban" bilen gepleşik alyp baran Zalmaý Halilzad söweşijileriň we owgan hökümetiniň arasynda ýesir çalyşygyny parahatçylyga tarap 'möhüm ädim' hökmünde makullady.

"taraplaryň ikisi-de ABŞ-nyň we "Talybanyň" arasyndaky ylalaşykda görkezilen maksatlara tizden-tiz ýetmek üçin tagallalaryny güýçlendirmeli" diýip, Halilzad 13-nji aprelde Twitterde ýazdy. Ol ýesir çalyşygynyň koronawirus keseliniň ýaýramagy sebäpli tussaghanalardaky bendileriň howp astyna düşen wagtynda ähmiýetiniň has-da uludygyny belledi.

Halkara gyzyl haç we ýarym aý guramasynyň maglumatyna görä, 12-nji aprelde "Talyban" günorta Kandahar welaýatynda 20 sany owgan ýesirini boşadypdyr. Munuň öňüsyrasynda owgan hökümeti "Talybanyň" 100 esgerini boşadyp, 8-nji aprelden bäri goýberilen söweşijileriň sanyny 300 adama ýetirdi.

29-njy fewralda Kataryň paýtagty Dohada ABŞ-nyň we "Talybanyň" arasynda baglaşylan ylalaşykda owgan hökümetine "Talybanyň" 5000 söweşijisini boşatmaga çagyryş edilýär. Muňa Owganystanda 18 ýyl bäri dowam edýän uruşy tamamlamak boýunça gepleşikleriň öňýanyndaky ynam dörediji çäre hökmünde seredilýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG