Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Berdimuhamedow nagt ýetmezçiliginiň fonunda nagt dolanyşygyny azaltmagyň möhümdigini belledi


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow nagt dolanyşygyny azaltmagyň ýurduň banklarynyň işiniň geljegi uly ugurlarynyň biridigini aýtdy. Döwlet baştutanynyň eden bu çykyşy ýurduň bankomatlarynda nagt ýetmezçiliginiň ýiti derejede dowam edýän we bank ulgamy bilen bagly täze çäklendirmeleriň girizilmeginiň yzýanyna gabat geldi.

10-njy aprelde Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirip, beýleki döwlet resmileri bilen bir hatarda, Merkezi bankyň başlygy Merdan Annadurdyýewiň beren hasabatyny diňledi.

"Döwlet baştutany, nagt pul dolanyşygynyň azaldylmagynyň we häzirki zaman tehnologiýalara esaslanýan nagt däl töleg gurallarynyň, şol sanda töleg kartoçkalarynyň ornaşdyrylmagynyň karz edaralarynyň işiniň geljegi uly ugurlarynyň biridigini aýtdy" diýip, TDH-nyň rus dilindäki habarynda bellenilýär.

Aýdylmagyna görä, türkmen lideri degişli maliýe ýolbaşçylaryna ýüzlenip, munuň bilen bagly "amala aşyrylýan maliýe amallarynyň kadalaşdyryjy düzgünine jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny" hem belledi.

Şol bir wagtda, TDH-nyň türkmen dilinde çap eden maglumatynda bu barada başga tekst görkezilip, onda Berdimuhamedowyň "... töleg kartlarynyň işjeňleşdirilmegine esaslanýan nagt däl hasaplaşyklaryň usulyny giňden ornaşdyrmagyň häzirki döwrüň geljegi uly ugurlarynyň biridigini belländigi" aýdylýar.

Resmi medianyň şol bir ýygnak barada rus we türkmen dilinde beren habarlarynda näme üçin başga-başga tekstleriň çap edilendigini anyklamak başartmady. Ýöne prezident Berdimuhamedowyň nagt dolanyşygyny azaltmak barada eden çykyşy ýurtda maliýe ýetmezçiliginiň ýitileşen we bank ulgamy bilen bagly täze çäklendirmeleriň girizilmeginiň yzýanyna gabat geldi.

Türkmenistanda indi üç ýyla golaý wagt bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda, ýurduň paýtagtyndaky we welaýatlaryndaky bankomatlarda nagt pul ýetmezçiligi saklanyp galýar. Käte ýurt raýatlary ençeme günläp ýa-da hepdeläp öz kartlaryndaky zähmet we pensiýa haklaryny nagtlaşdyryp bilmeýärler.

Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary koronawirus pandemiýasynyň fonunda nagt ýetmezçiliginiň has-da güýçlenendigini we munuň bilen bagly bankomatlaryň öňünde kartlaryndaky puly nagtlaşdyryp bilmeýän adamlaryň nobatlarynyň hem göz-görtele artandygyny yzygiderli habar berýärler.

8-nji aprelden başlap Aşgabatda ilatyň bank kartlaryndaky pullaryny diňe kartyň açylan banklaryna degişli bankomatlardan nagtlaşdyrmaga rugsat berilýändigi mälim boldy.

Azatlygyň habarçylary 6-njy aprelde Aşgabadyň we 7-nji aprelde Marynyň ençeme döwlet dükanynda bank kartlaryny kabul etmegiň bes edilendigini aýtdylar.

1-nji aprelden başlap bolsa, ýurtda walýuta bank hasaplarynyň eýelerine pul serişdesiniň dollaryň resmi kursy boýunça diňe manatda beriljekdigi habar berildi.

Türkmenistanyň Merkezi banky ýurduň banklaryna dil üsti bilen görkezme ýaýradyp, Türkmenistandaky daşary ýurt kompaniýalarynyň işgärleriniň walýuta hasaplaryndaky zähmet haklaryny walýutada däl-de, dollaryň döwlet kursy boýunça​ diňe manatda bermegi tabşyrdy diýip, Azatlygyň habarçysy aýdypdy.

Bu habarlaryň fonunda, 3-nji aprelde Berdimuhamedow "dünýä ykdysadyýetinde emele gelen ýagdaý bilen baglylykda, diňe ýaşaýyş-durmuş ähmiýetli desgalaryň gurluşyklaryny saýlap almagy" tabşyrsa-da, 9-njy aprelde paýtagtdaky täze myhmanhananyň we beýleki toplumlaryň gurluşygy bilen tanyşdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG