Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Aşgabatda bankomatlardan pul nagtlaşdyrmak bilen bagly täze çäklendirme girizildi


Illýustrasiýa suraty. Mary şäherinde bankomat nobatyna garaşýan adamlar. Arhiwden alnan surat.

8-nji aprelden başlap, Aşgabatda ilatyň bank kartlaryndaky pullaryny diňe kartyň açylan banklaryna degişli bankomatlardan nagtlaşdyrmaga rugsat berler. Bu barada “Türkmenistanyň hronikasy” neşiri 9-njy aprelde habar berdi.

“Mysal üçin, bank karty Türkmenistanyň bir bankynda açylan bolsa, ol adam Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş bankynyň bankomatlaryndan pul nagtlaşdyryp bilmez” diýip, neşir ýazýar.

Täze çäklendirme barada ýurduň banklary ýa-da döwlet eýeçiligindäki media we metbugat serişdeleri habar bermedi.

“Türkmenistanyň hronikasynyň” maglumatlaryna görä, Aşgabatda bankomatlaryň öňündäki uly nobatlary gizlemek üçin käbir bank şahamçalarynyň öňündäki bankomatlar bank binalarynyň içine ýa-da howlusyna geçirildi.

Soňky wagtlarda ýurtda bankomatlaryň oturdylan ýerlerinden aýrylmagy we olaryň sanynyň azaldylmagy barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary hem mundan ozal habar beripdi.

17-nji martda habarçymyz Türkmenabatda ýerleşýän “Halkbank” döwlet täjirçilik bankyna degişli 4 bankomatyň, “Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankyna degişli 2 bankomatyň sökülip aýrylandygyny habar berdi.

Ýurduň maliýe resmileri bu çäreleriň sebäbini düşündirmeýär.

Galyberse-de, “Türkmenistanyň hronikasy” ýurtda bir günüň dowamynda pul nagtlaşdyrmaga degişli limitiň 800 manatdygyny habar berýär.

Bu maglumat Lebabyň Darganata etrabynyň bankomatlarynda bir gije-gündiziň dowamynda nagtlaşdyrmaga rugsat berilýän puluň möçberiniň 3-nji aprelde 100 manada getirilmeginiň yzýanyna gabat gelýär.

Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary Türkmenistanda bir gije-gündiziň dowamynda pul nagtlaşdyrmaga degişli girizilýän çäklendirmeler barada habar berip gelýärler.

Habarçylarymyzyň maglumatlaryna görä, ýurduň dürli regionlarynda 2018-nji ýylyň fewralyna çenli bankomatlardaky nagt limiti 1000 manatdy, 2019-njy ýylyň noýabryna çenli bu mukdar 800 manada getirildi, şu ýylyň martynda Türkmenabadyň käbir bankomatlarynda gündelik limit 100-200 manada düşdi.

Nagt çäklendirmeleri bilen bir hatarda ýurtda golaýda nagt däl hasaplaşyga degişli söwdanyň möçberi hem çäklendirildi.

Nagt däl hasaplaşyk boýunça Aşgabadyň döwlet dükanlarynda girizilen täze çäklendirme barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary martyň ahyrynda habar berdiler.

Maglumata görä, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan çykarylan täze düzgün 28-nji martda güýje girdi. Oňa laýyklykda 48 sagadyň dowamynda türkmen banklaryndan berlen ýerli kartlar arkaly paýtagtyň döwlet dükanlaryndan diňe 80 manat möçberinde nagt däl söwda etmäge rugsat berilýär.

Türkmenistanyň media we metbugat serişdeleri ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklar barada habar bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG