Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ wagtlaýyn BSG-a edýän töleglerini togtatdy


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp
Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp Bütindünýä Saglyk Guramasynyň (BSG) koronawirus pandemiýasy babatyndaky çäreleri sebäpli, öz administrasiýasyna bu Gurama ABŞ-nyň edýän töleglerini togtatmak barada görkezme berendigini aýtdy.

Tramp BSG-nyň “özüniň esasy wezipesini berjaý edip bilmändigini we munuň üçin jogap bermelidigini” aýdyp, 14-nji aprelde çykyş etdi.

Ak Tamda eden çykyşynda Tramp maliýe serişdeleriniň 60-90 günüň dowamynda BSG-nyň roly boýunça geçiriljek seljirmeleriň arasynda togtadyljakdygyny aýtdy.

Tramp BMG-niň gürrüňi gidýän edarasynyň Hytaýdan berilýän maglumatlary seljermek boýunça öz wagtynda talaba laýyk işleri geçiren bolsady, onda wirusyň ýaýramagynyň we adam pidalarynyň öňüni hem alyp bolardy diýip, belledi.

BMG-niň baş sekretary Antonio Guterres häzir BSG-a ýa-da koronawirus bilen göreşýän beýleki gumanitar guramalara maliýe serişdelerini kesmek üçin “wagtyň däldigini” aýtdy.

Guterres beýanatynda koronawirusy we onuň “weýrançylykly netijelerini” saklamak üçin halkara jemgyýetçiligini bilelikde işlemäge çagyrdy.

Jons Hopkins Uniwersitetiniň maglumatyna görä, 14-nji aprelde ABŞ-da 24 sagadyň dowamynda heläk bolanlaryň rekord derejedäki sany, 2 müň 228 adam ölümi hasaba alyndy.

ABŞ-da 600 müňden hem aşa adam wirusa ýolugdy we ol sebäpli 25 müň 700-den hem köp adam öldi. Bu dünýä boýunça iň uly görkezijilerdir.

XS
SM
MD
LG