Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda çöregiň bahasy iki esse gymmatlady. Ilat gijeden azyk nobatyna ýazylýar, polisiýa nobatlara gözegçiligi güýçlendirýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Aşgabadyň ýaşaýjylary döwlet dükanlaryndan azyk harytlaryny satyn almak üçin gijeden nobata ýazylýarlar. Polisiýanyň berk gözegçiliginde satylýan azyk önümleri nobata duran adamlaryň ählisine ýetmeýär. Şol bir wagtda, arzan çörek we un gytçylygynyň ýitileşmegi bilen, mundan öň 2 manatdan satylan çöregiň bahasy​ iki ýarym​ esse gymmatlap, 5 manada ýetdi.

"Adamlar azyk harytlary üçin gijeden, 20 sagat öňünden nobata ýazylýarlar. Düýn nobata ýazylan adamlar şu gün irden 6:30 töweregi 32-nji dükanyň öňünde üýşdiler. Sagat 8-de dükanyň öňüne gelen polisiýa leýtenanty adamlary aralary 10 metr uzaklykdaky hatarlara düzdi. Sebäbi olar bir hatara düzülse, hataryň uzynlygy 100 metrden geçýärdi. Beýleki polisiýa işgäri gapyň öňünde durup, hatara gözegçilik etdi. Ol her 5 adamy dükana goýberip başlandan soň, azyk önümleri satylyp başlandy" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan aşgabatly habarçy 16-njy aprelde gürrüň berdi.

Aýdylmagyna görä, ösümlik ýagy we towuk budy polisiýanyň berk gözegçiliginde satylyp, hatda mümkinçiligi çäkli adamlaryň hem nobatsyz azyk satyn almagyna rugsat berilmedi.

"Bir aýal özüniň ikinji topara degişli maýyplyk resminamasyny görkezip, nobatsyz azyk satyn almaga synanyşdy. Ýöne polisiýa maýyplaryň nobatsyz azyk satyn almagyna diňe duşenbe günleri rugsat berilýändigini belläp, gapyň öňünden gitmelidigini aýtdy" diýip, habarçy azyk önümleriniň nobata duranlaryň ählisine ýetmändigini hem belledi.

Habarçy polisiýa gözegçiliginiň nobatlarda ýygy-ýygydan döreýän dawa-jenjelleriň öňüni almak maksady bilen güýçlendirilendigini hem sözüniň üstüne goşdy.

Azatlygyň Aşgabatdaky beýleki bir habarçysy bolsa, döwlet dükanlarynda iň arzan bahadan satylýan çöregiň we unuň geçen penşenbe gününden bäri tapdyrmaýandygyny habar berýär.

"Döwlet dükanlarynyda 60 teňňeden satylýan çörek ýitirim boldy. Şol bir wagtda, bu çörek käbir hususy dükanlarda 1 manatdan satuwa çykaryldy. Munuň bilen bir wagtda, 1 kilogramy 1 manatdan satylýan un hem tapdyrmaýar" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 16-njy aprelde gürrüň berdi.

Aýdylmagyna görä, bu beýleki çörek we un önümleriniň öňküsinden-de gymmatlamagyna getirdi. Döwlet dükanlarynda 2 manatdan satylan çöregiň bahasy gymmatlap, geçen anna güni 2,50-3,00 manada, şenbe güni 4,50-5,00 manada ýetdi. Şeýle-de, 1 kilogramy 7-8 manatdan bahalanan ýerli unuň bahasy 9 manada ýokarlandy.

Galyberse-de, bu Gazagystandan import edilýän we hususyýetçilerde satylýan unuň bahasynyň hem gymmatlamagyna getirdi. Öň 1 kilogramy 8 manatdan bahalanan 1-nji sort gazak uny 10 manada, öň 9 manatdan satylan ýokary sort gazak uny 13,5 manada ýokarlandy.

Türkmenistan soňky üç ýyl çemesi wagt bäri öz garaşsyzlyk ýyllaryndaky iň agyr ykdysady kynçylyklary başdan geçirýär. Ýurt raýatlary beýleki kynçylyklar bilen bir hatarda, bankomatlarda nagt ýetmezçiligi we azyk önümleriniň gytalmagy hem-de gymmatlamagy bilen yzygiderli ýüzbe-ýüz bolup gelýärler.

Ýöne bu kynçylyklar koronawirus aladalarynyň fonunda goňşy döwletler bilen serhetleriň ýapylmagynyň, dünýäde nebit bahalarynyň aşaklamagynyň we türkmen gazynyň esasy alyjysy "PetroChina" kompaniýasynyň ýurda import edýän tebigy gazynyň möçberini azaldýandygyny yglan etmeginiň yzýanyna has-da güýçlendi.

3-nji aprelde Mary şäherinde azyk önümleriniň ýiti ýetmezçiligi sebäpli ýerli ýaşaýjylardan ençeme adam öz-özünden proteste çykyp, un hem beýleki azyk önümleri bilen üpjün edilmegini talap etdi.

Türkmen häkimiýetleri bu kynçylyklary agzaman, ýurtda azyk howpsuzlygynyň döredilendigini, her ýyl oba-hojalyk borçnamalarynyň, şol sanda galla planynyň ýerine ýetirilýändigini tekrarlap gelýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG