Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran parlamentine iltewli merkez wirus bilen bagly resmi maglumatlary sorag astyna alýar


Eýranda koronawirusdan ölenleriň resmi sany 16-njy martda 4 müň 869-a bardy.
Eýranda koronawirusdan ölenleriň resmi sany 16-njy martda 4 müň 869-a bardy.

Eýran parlamentine dahylly barlag merkezi ýurtda koronawirus pandemisýasyndan ölenleriň hakyky sanynyň resmi maglumatda aýdylýanyndan iki esse köp bolmagynyň mümkindigini aýdýar.

Ýurduň Saglyk ministrliginiň 16-njy aprelde çap eden maglumatyna laýyklykda, koronawirusdan ölenleriň resmi sany 4 müň 869-a bardy, wirus ýokaşanlaryň sany bolsa 77 müň 995 boldy. Eýran Ýakyn Gündogarda bu keseliň iň agyr zarba uran ýurdy bolup durýar.

Eýran parlamentiniň barlaglar merkezi şu hepde öz websaýtynda çap eden hasabatynda wirusdan ölenleriň hakyky sanynyň 0.8 esse ýokary bolmagynyň ahmaldygyny, wirus ýokuşanlaryň sanynyň bolsa, resmi sandakydan 8-10 esse ýokary bolmagynyň mümkindigini aýtdy.

Ýerli resmileriň hem bir topary, şol sanda ýurt içindäki we daşyndaky ekspertler hem soňky hepdelerde Eýranyň COVID-19 bilen bagly çap eden resmi sanlaryny sorag astyna aldylar we hakyky görkezijileriň has ýokary bolmagynyň ahmaldygyny öňe sürdüler.

XS
SM
MD
LG