Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý koronawirusdan ölenleriň sanyny ýokarlandyrdy, Tramp ykdysadyýeti gaýtadan açjakdygyny aýdýar


Hytaý. Wuhanda COVID-19 barlagyndan geçýän adam.
Hytaý. Wuhanda COVID-19 barlagyndan geçýän adam.

Hytaýdaky aç-açanlyk ýagdaýyna bildirilýän halkara şübheleri arasynda, Hytaýda koronowirusyň ilki peýda bolan şäheri Wuhan özünde bu dertden ölenleriň sanyny 1290 adama çenli ýokarlandyrdy

Bu Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Trampyň, ABŞ-nyň ykdysadyýetine gaýtadan itergi bermek üçin, gubernatorlara petiklenme çäklendirmelerini gowşatmaga rugsat bermek teklibini yglan eden wagtyna gabat geldi.

Wuhanda täzelenen sanlar bu şäherde koronawirusdan ölenleriň sanyny 3,869 adama ýetirdi. Hytaýda tassyklanan wirus hadysalarynyň üçden iki bölegine golaýy Wuhanyň paýyna düşýär.

Şäher häkimiýetleri gaýtadan gözden geçirilişiň nädogry hasabat bermek, maglumatlaryň gijikdirmegi we gözden salynmagy sebäpli ýola goýlandygyny aýtdy.

Jon Hopkins uniwersitetiniň maglumatyna görä, Hytaý 83,700-den gowrak koronawirus ýokuşanyň tassyk edilendigini, 4600-den gowrak adamyň ölendigini habar berdi.

Hünärmenler Hytaýyň pandemiýanyň netijeleri barada berýän resmi maglumatlarynda wirus ýokaşanlaryň we ondan ölenleriň sanynyň gaty azdygyny aýdyp, olaryň hakyky ýagdaýy görkezýändigini sorag astyna alýarlar.

Waşington Pekini başky günlerde wirusyň ýaýraýyş gerimini ýaşyrmakdawe takyk maglumatlary paýlaşmazlykda aýyplaýar. Birleşen Ştatlaryň bu tankydyny 16-njy aprelde Fransiýa we Angliýa hem gaýtalady.

XS
SM
MD
LG