Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanda ýüzden gowrak saglyk işgärine koronawirus ýokaşdy


Bişkek
Bişkek

Gyrgyzystanda 17-nji aprelde ýene-de 23 adama koronawirusyň ýokaşandygy tassyklandy, kesel ýokaşanlaryň 12 sanysy saglyk işgärleri diýip, saglyk ministriniň orunbasary Nurbolat Usenbaýew aýdýar.

Resminiň sözlerine görä, wirus ýokaşan ýedi saglyk işgäri Bişkekden, dördüsi Oş oblastyndan we biri Oş şäherinden bolup çykdy.

Wirusyň dürli ýagdaýlarda ýokaşandygy, näsaglar bilen ýa-da saglyk gözegçiliginde bolýan adamlar bilen aragatnaşyk esasynda kesellänleriň-de, saglyk işgärleriniň arasyndaky gatnaşyk netijesinde wirus ýokaşanlaryň-da bardygy aýdylýar.

Saglyk ministriniň orunbasary saglyk işgärleriniň arasyndaky gatnaşykda wirus ýokaşmalarynyň kän bolandygyny belledi.

Gyrgyzystanda saglyk işgärleriniň arasynda COVID-19 diagnozy goýlanlaryň sany 116 adam boldy. Ýurtda 17-nji aprele çenli wirus ýokuşanlaryň sany 489 boldy, olaryň 102-si Bişkekde.

XS
SM
MD
LG