Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrymlar, palçylar, Kaşpirowskiý we koronawirus


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Dünýä Türkmenleriniň bu sany tebipler, palçylar, yrymlar, Kaşpirowskiý we koronawirus baradaky söhbete gönükdirilýär.

Golaýda sowet döwrüniň aýaklarynda tebigy däl güýçlere eýedigini aýdyp häzirki post-sowet giňişliginde meşhurlyk gazanan bir adam, täzeden ekranlarda peýda boldy – Anatoliý Kaşpirowskiý. Onuň täzeden ýüze çykýan wagty dünýäde koronawirus ýokanjynyň giňden ýaýraýan wagtyna gabat gelýär.

Dünýä Türkmenleriniň bu sany tebipler, palçylar, yrymlar, Kaşpirowskiý we koronawirus baradaky söhbete gönükdirilýär.

Dünýäde dowam edýän koronawirus krizisiniň fonunda golaýda sowet ýyllarynyň aýaklarynda tutuş soýuz döwletlerinde meşhurlyk gazanan ekstrasens Anatoliý Kaşpirowskiýniň täzeden meşhurlyk gazanyp başlandygy barada habarlar peýda boldy. Synçylar bu ýagdaýy krizis döwründe köp adamyň tebigy däl güýçlere meýil etmegi, şolara ýykylmagy, şolardan haraý we many gözlemegi bilen düşündirýärler.

Bu günki programmamyzda tebigat üsti güýçlere eýedigini öňe sürýän adamlar bilen krizis döwürleriniň arasyndaky arabaglanyşyk barada pikir alyşmak üçin türkmen ýazyjysy we synçy Hudaýberdi Hallyny gepleşigimize çagyrdyk.

Yrymlar, palçylar, Kaşpirowskiý we koronawirus
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00


XS
SM
MD
LG