Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp pandemiýa gaytawul çäre hökmünde immigrasiýany wagtlaýyn togtatjakdygyny aýdýar


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp
Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp global pandemiýa gaýtawul çäre hökmünde immigrasiýany wagtlaýyn togtatmak baradaky buýruga gol çekjekdigini aýtdy. Bu waka ýurtda koronawirusdan ölenleriň sany 40000 adamdan geçen mahalyna gabat geldi.

Tramp 20-nji aprelde giçlik ýazan twitinde ýerine ýetiriji çäräniň "Görünmeýän Duşmanyň hüjümine, şeýle hem BEÝIK Amerikan Raýatlarymyzyň işlerini goramagyň zerurlygyna" gaýtawul hökmünde gelendigini aýtdy. Bu barada jikme-jik maglumat berilmedi.

Birleşen Ştatlarda koronawirus sebäpli wizalaryň tas ählisine diýen ýaly, şol sanda immigrant wizalaryna seretmek işleri eýýäm birnäçe hepde bäri togtadylypdy.

Trampyň administrasiýasy we ABŞ-nyň ştat häkimleri, wirusa garşy gazanylan ynjyk üstünlikleri howp astyna alyp biljek infeksiýanyň ikinji tolkunyny ýaýratmazdan, çäklendirmeleri tapgyrlaýyn esasda ýuwaş-ýuwaşdan aýyrmak ugrunda “ýol kartasyny” çyzmaga synanyşýarlar.

Bütindünýä Saglyk guramasynyň başlygy Tedros Adhanom Gebreyesus wirusyň saglygy goraýyş we sosial üpjünçilik ulgamlary gowşak, şeýle-de köplenç köp adamly ýaşaýyş şertleri bolan ösüp barýan ýurtlara zyýan ýetirýän mahaly, koronawirusyň täze tapgyra çykmagynyň mümkindigini duýdurdy.

XS
SM
MD
LG