Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan metbugat azatlygy reýtinginde yzdan ikinji boldy


Türkmenistanda internet kafelerinde adamlar özlerini hasaba aldyrmaga borçludyrlar
Türkmenistanda internet kafelerinde adamlar özlerini hasaba aldyrmaga borçludyrlar

Türkmenistanyň dünýäde media azatlygy boýunça iň ýaramaz döwletleriň biri bolmak bilen birlikde, ýurtda eýýäm Internet üpjünçiligini kesmek ugrunda işler alnyp barylýar diýip, “Serhetsiz Reportýorlar” (RSF) guramasynyň soňky hasabatynda bellenilýär.

Guramanyň metbugat azatlygy boýunça 21-nji aprelde ýaýradan ýyllyk hasabatynda Türkmenistan 180 ýurduň arasynda 179-njy orunda, Demirgazyk Koreýanyň öňýanynda ýerleşdirildi. Bellesek, geçen ýylky hasabatda Türkmenistan iň yzdaky orny eýeläpdi.

“Serhetsiz Reportýorlar” guramasy Türkmenistanda Internetiň berk senzura edilýändigine, üstesine mundan diňe çäkli sanly ulanyjynyň peýdalanyp bilýändigine ünsi çekýär.

Hasabatda bellenilşi ýaly, ýurtdaky internet kafelerinde adamlar ilki şahsyýetlik dokumentlerini görkezip, özlerini hasaba aldyrmaga borçludyrlar.

Ýatladyp geçsek, Türkmenistanda garaşsyz habar serişdeleriň şol sanda Azatlyk Radiosynyň websaýty ýapyk bolmagynda galýar. Bular bilen bir hatarda Facebook, Twitter, YouTube ýaly sosial ulgamlar, WhatsApp, Telegram ýaly messenjerler hem petikli saklanýar.

Mundan başga-da, geçen hepde Aşgabadyň bazarlarynda häkimiýetler mobil telefonlara puluna VPN gurnamak hyzmatyny hödürleýän telefon ussahanalaryna, dükanlara we hyzmat ediş nokatlaryna reýd geçirip, bu tejribeleriň öňüni almak ugrunda basyş edip başladylar.

Halkara hukuk toparlarynyň mundan öňki ýyllardaky hasabatlarynda hem aýdylyşy ýaly, Türkmenistanda metbugat serişdeleri doly döwlet kontrollygynda saklanylýar we olarda köplenç bir adamyň, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsyýeti taryplanýar, ýurtdaky problemalar, prezidentiň geçirýän üznüksiz kadr çalyşmalary we käýinçleri bilen bagly bolmasa, başga adamlar tarapyndan agzalmaýar, regionlardaky kynçylyklar, azyk gytçylygy, maliýe ýetmezçiligi, tebigy hadyslar barada hem türkmen mediasynda habar berilmeýär.

Şol bir wagtda prezident Berdimuhamedow habar serişdeleriniň işini yzygiderli tankyt edýär, olaryň ýurtda gazanylýan üstünlikleri ýeterlik beýan edip bilmeýändigini aýdýar.

Deňeşdirme üçin bellenililip geçilse, “Serhetsiz Reportýorlar” guramasynyň Türkmenistanyň 180 ýurduň arasynda 179-njy orunda ýerleşdirilen media azatlygy boýunça soňky hasabatynda Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndan Gyrgyzystan 82-nji, Özbegistan 156-njy, Gazagystan 157-nji we Täjigistan 161-nji orunda ýerleşdirildi.

Hasabatda media azatlygy boýunça ilkinji bäş orunda Norwegiýa, Finlýandiýa, Daniýa, Şwesiýa we Niderlandlar dur.

“Serhetsiz Reportýorlar” guramasy öňümizdäki on ýyllygyň žurnalizm üçin kesgitleýji döwür boljakdygyny hem aýdýar. Gurama Covid-19 pandemiýasynyň azat, garaşsyz, dürli pikirli we ynamdar maglumatlaryň beýän edilmegine howp abandyryp biljek krizisleri orta çykarandygyny belleýär.

Maglumat üçin aýdylsa, türkmen häkimiýetleri koronawirus pandemiýasynyň fonunda ýurt içinde maglumaty çäklendirmek synanyşyklaryny has-da güýçlendirdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG