Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda ABŞ-nyň Kesellere garşy gözegçilik merkezleriniň hem-de Döwlet departamentiniň web-saýtlary petiklendi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda ençeme web-saýt, şol sanda Birleşen Ştatlaryň Kesellere garşy gözegçilik we öňüni alyş merkezleriniň web sahypasy cdc.gov, hem-de Döwlet departamentiniň web sahypasy state.gov petiklendi. Bu maglumaty Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary tassyklady.

Petiklenen beýleki web-saýtlaryň hatarynda BBC World News, The Guardian ýaly iri köpçülikleýin habar serişdeleriniň saýtlary hem bar.

Degişli saýtlaryň umumy aýratynlygy, jemgyýetçilige açyk maglumatlara görä, olaryň Amazon Web Services Cloud (AWS Cloud) ulgamyndan peýdalanmagydyr. Ýurtda Facebook we Twitter ýaly sosial ulgamlar petikli bolmagynda galýar.

Beýleki tarapdan, habarçymyzyň tassyklamagyna görä, AWS Cloud ulgamynyň hyzmatlaryndan peýdalanýan Netflix media üpjünçisiniň web-saýty ýurduň çäginde baglanmandyr. Mundan ozal, Netflix kompaniýasynyň dekabr aýynda köpleriň senariýasyny Türkmenistan bilen ilteşdiren “Ýerasty Altylyk” filmini tomaşaçylara ýetirmegi bilen kompaniýanyň sahypasy ýurtda petiklenipdi.

Türkmen häkimiýetleriniň Birleşen Ştatlaryň daşary syýasat edarasynyň hem-de Kesellere garşy gözegçilik we öňüni alyş merkezleriniň resmi web-saýtlaryny petiklemeginiň sebäpleri mälim däl.

Döwlet media we metbugat serişdeleri internet saýtlaryň petiklenmegi we munuň mümkin bolan sebäpleri barada maglumat bermeýärler.

Mundan ozal, Türkmenistanda iri halkara habar serişdeleriň web-saýtlary köpçülikleýin häsiýetde geçen tomus petiklenipdi. Hökümete degişli bolmadyk Qurium Media Foundation şwed guramasy 2019-njy ýylyň iýul aýynda türkmen hökümetiniň onlarça habar saýtyny we sosial ulgamlary baglandygyny habar beripdi. Guramanyň maglumatyna görä, Türkmenistanyň ýeke-täk internet prowaýderi “Türkmentelekom” geçen tomus beýleki onlarça saýt bilen bir hatarda BBC World News, Reuters, “Deutsche Welle”, “Eho Moskwy” ýaly habar çeşmelerini petikledi.

Bellemeli ýeri, Türkmenistanda geçen iýul aýynda Internet neşirleriniň köpçülikleýin çäklendirilmeginiň edil yzýany ýurduň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň saglyk ýagdaýy barada sosial mediada dürli maglumatlar ýaýrapdy.

Türkmen häkimiýetleriniň täzeden güýçlendiren maglumat gözegçiligi dünýäde koronawirus keseliniň giňden ýaýraýan wagtyna gabat gelýär.

26-njy martda Azatlyk Radiosynyň habarçylary Türkmenistanda köpçülikde koronawirus sözüni agzamagyň dilden gadagan edilendigini habar berdi.

"Koronawirus barada islendik gürrüňdeşlik üçin alyp gidýärler. Nobatlarda, awtobus duralgalarynda, awtobuslaryň içinde adamlaryň özara gürrüňlerini ýörite adamlar diňleýärler" diýip, habarçymyz şonda habar berdi.

2-nji aprelde habarçylarymyz Lebap welaýatynda koronawirus sözüni agzaýan adamlaryň 10 günlük tussag edilýändigini habar berdiler.

“Lebap welaýatynyň birnäçe etrabynda Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri adamlary koronawirusy agzandygy üçin yzarlaýarlar, adamlaryň 10 günlük tussag edilen ýagdaýlary bar. Adamlar gorkýarlar” diýip, habarçymyz apreliň başynda Lebapdan habar berdi.

Ýöne bu habarlardan soň, Türkmenistanda koronawirus sözüniň gadagan edilmeginiň halkara maglumat ulgamlarynda, şol sanda “Serhetsiz Reportýorlar” (RSF) guramasy tarapyndan tankyt edilmegi bilen ýurtda döwlet baştutany derejesinde koronawirus sözi we onuň ýurt ykdysadyýetine ýetirmegi ahmal täsirleri has giňden maslahat edilip başlandy.

Türkmenistanda Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň hem-de Kesellere garşy gözegçilik we öňüni alyş merkezleriniň web-saýtlarynyň petiklenmegi baradaky habarlar ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň soňky 20 ýylyň dowamynda Birleşen Ştatlaryň Türkmenistana 201 million dollardan gowrak ýardam berendigini mälim etmeginiň hem-de bu maglumaty Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi beýanat ýaýradyp inkär etmeginiň yzýanyna gabat gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG