Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

RSF: Koronawirus “metbugat azatlygyna abanýan howplary güýçlendirýär”


2019-njy ýylyň martynda Moskwada adamlar oppozisiýanyň ýörişlerine gatnaşýarlar.
2019-njy ýylyň martynda Moskwada adamlar oppozisiýanyň ýörişlerine gatnaşýarlar.

Koronawirus pandemiýasy tutuş dünýäde, şol sanda wirusyň ýaýramagy baradaky maglumatlaryň jikme-jiklerini ýaşyrýan Hytaý we Eýran ýaly awtoritar režimlerde metbugat azatlygyna abanýan howpyň gerimini giňeldýär diýip, "Serhetsiz Reportýorlar" (RSF) guramasy özüniň ýyllyk hasabatynda aýdýar.

Düýbi Parižde ýerleşýän gurama özüniň 21-nji aprelde ýaýradan maglumatynda bu wirusyň metbugat azatlygyna eýýäm kölege salýan "köp krizisiň üstüni açandygyny we güýçlendirendigini” aýtdy.

Gurama pandemiýanyň käbir režimleri "adaty döwürde kabul edip bolmajak çäreleri girizmek üçin adamlaryň alasarmyk ýagdaýyndan we mobilizasiýanyň gowşamagyndan peýdalananmaga” höweslendirendigini hem belledi.

Izolirlenen diktaturalar Türkmenistan we Demirgazyk Koreýa 180 ýurdy öz içine alýan sanawyň iň ahyrky orunlarynda ýerleşdirildi. Metbugat azatlygynyň derejesine baha berýän bu sanawda Norwegiýa yzly-yzyna dördünji ýyl birinji orunda ýerleşdirildi. Ony ikinji orunda Finlýandiýa yzarlaýar.

Sanawda 149-njy ýerde ýerleşdirilen Russiýa "has çylşyrymly usullary ulanyp, internete gözegçilik etmek tagallalaryny” dowam etdirýär diýlip, hasabatda Russiýanyň internetini dünýäniň beýleki ýerlerinden aýyrmaga mümkinçilik berýän rus kanunçylygyna üns çekildi.

XS
SM
MD
LG