Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermenistanda koronawirus aladalary sebäpli bir şäherde we obada hereket çäklendirildi


20-nji aprelde Ermenistanyň polisiýa işgärleri Maralik obasyna girjek bolýan ulagy barlaýarlar.

Ermenistanyň häkimiýetleri ýurduň demirgazyk-günbataryndaky Şirak welaýatynda ýerleşýän kiçi bir şäheri we oňa ýanaşyk obany ýapyp, hereketi çäklendirdiler. Bu waka ýerli keselhananyň 18 işgäriniň koronawirus barlaglarynyň pozitiw çykmagynyň yzýanyna gabat geldi.

20-nji aprelde Maralik şäherine barýan ýollaryň ählisi polisiýanyň barlag nokatlary tarapyndan petiklendi.

“Biz diňe ýörite rugsatnamasy bolan adamlaryň geçmegine rugsat berýäris” diýip, barlag nokatlarynyň birini dolandyrýan polisiýa işgäri Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda aýtdy.

Ermenistanyň premýer-ministriniň orunbasary Tigran Awinian ýerli keselhananyň 61 işgäriniň arasyndan 18 adamda koronawirus barlaglary pozitiw çykandan soň, 18-nji aprelde Maralikde we oňa ýanaşyk Dzorakap obasynda hereketi çäklendirmek barada karar kabul edilendiginiaýtdy.

Awinian Ermenistda koronawirus bilen baglanyşykly adatdan daşary ýagdaýyň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýär.

Regional administrasiýanyň saglygy goraýyş bölüminiň başlygy Leýli Aslanian 20-nji aprelde Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda iki ýerli ýaşaýjynyň koronawirusdan ölendigini, olaryň biriniň Maralik keselhanasynda işleýän we wirus barlaglary pozitiw çykan şepagat uýasynyň kakasydygyny aýtdy.

Ermenistanyň saglyk resmileriniň 21-nji aprelde beren maglumatyna görä, ýurtda tassyklanan koronawirus näsaglarynyň sany 1401 adama ýetdi we bu wirusdan 24 adam heläk boldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG